R.Meredow ŞHG-nyň agza-döwletleriniň hökümet baştutanlarynyň geňeşiniň mejlisine gatnaşdy

R.Meredow ŞHG-nyň agza-döwletleriniň hökümet baştutanlarynyň geňeşiniň mejlisine gatnaşdy

30-njy noýabrda Şanhaý hyzmatdaşlyk guramasynyň agza-döwletleriniň Hökümet baştutanlarynyň (premýer-ministrleriniň) geňeşiniň mejlisi wideoaragatnaşyk ulgamy arkaly geçirildi.

Mejlise ŞHG-nyň agza-döwletleriniň we ŞHG-nyň ýanyndaky synçy-döwletleriň ýokary derejeli wekilleri gatnaşdylar.
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň Orunbasary, Daşary işler ministri Raşid Meredow mejlise myhman hökmünde gatnaşdy.  
Mejlisiň barşynda oňa gatnaşyjylar ŞHG-nyň işiniň derwaýys ugurlary boýunça meseleleriň giň toplumyny, şol sanda syýasat we howpsuzlyk ulgamyndaky hyzmatdaşlygy, söwda-ykdysady we medeni-ynsanperwer ugry boýunça özara hereketleri ara alyp maslahatlaşdylar. Saglygy goraýyş, ylmy barlaglar we ýurtlaryň pandemiýadan soňky döwürde durmuş-ykdysady taýdan dikeldilmegi ulgamyndaky özara hereketleriň işjeňleşdirilmegine aýratyn ähmiýet berildi. Çökgünlige garşy göreşmek ulgamyndaky halkara dolandyrylyşynyň kämilleşdirilmeginiň, Bütindünýä Saglygy goraýyş guramasynyň we beýleki halkara düzümleriniň ähmiýetiniň pugtalandyrylmagynyň zerurlygy bellenilip geçildi.
Duşuşykda çykyş eden Türkmenistanyň DIM-niň ýolbaşçysy halkara giňişliginde ŞHG-nyň barha ýokarlanýan abraýy hakynda belläp geçdi we Türkmenistanyň bu gurama bilen hyzmatdaşlygynyň ileri tutulýan ugurlaryny beýan etdi.