Saturn bilen Ýupiter 800 ýyldan soň ilkinji gezek biri-birine has golaý geler

  • 24.11.2020 15:39
  • 12k+

21-nji dekabrda Ýeriň ýaşaýjylary orta asyrlardan bäri bolmadyk hadysa, ýagny Saturn bilen Ýupiteriň ýakynlaşmagyna syn edip bilerler. Bu barada Raýsa uniwersitetiniň (ABŞ) metbugat gullugy habar berýär. Muny iz.ru ýetirýär.

Şol günde Gün ýaşanyndan bir sagat çemesi soň, planetalaryň arasyndaky deňleşme 1226-njy ýylyň martynda bolşy ýaly bolar. Planetalaryň arasyndaky uzaklyk Aýyň diametriniň bäşden birine barabar bolar.
Bu hadysany ýönekeý göz bilen planetanyň islendik ýerinden synlamak mümkin bolar. Şeýle-de bolsa, ony ekwatoryň ýaşaýjylary has gowy görerler.

“21-nji dekabrda has ýakynlaşylýan agşam, olar doly Aýyň diňe 1/5 diametri bilen bölünen goşa planeta meňzärler. Synçy näçe demirgazykda bolsa, onuň planetalaryň gözýetimiň aşagyna düşmezinden ozal, baglanyşygy görmek üçin wagty şonça az bolar” – diýip, astronom Patrik Hartigan düşündirýär.

Planetalaryň özünden başga-da, olaryň hemralaryny hem görmek mümkin bolar diýlip, materialda aýdylýar.

Adatça, bu asman jisimleriniň ýakynlaşma hadysasy, takmynan, 20 ýyldan bir gezek bolup geçýär, ýöne Saturn bilen Ýupiteriň indiki ýakynlaşmasy, alymlaryň çaklamalaryna görä, 2080-nji ýylyň 15-nji martynda bolup geçer, şondan soň “jübütler” 2400-nji ýyla çenli görünmez.

şu gün 14:57
3.2k+

Kamçatkanyň kenarýakalarynda bir gije-gündizde 30-dan gowrak ýertitreme boldy

Kamçatkanyň gündogar kenarýakasynyň çäklerinde 19-njy we 20-nji iýunda magnituda güýji 6,9-a çenli ýeten yzygiderli ýer titremeleri hasaba alyndy....

düýn 10:08
3k+

«Artur» tropiki tupany Tehasyň 101 etrabynda adatdan daşary ýagdaý tertibiniň girizilmegine sebäp boldy

2026-njy ýylyň Atlantik harasatlar möwsüminiň ilkinji atlandyrylan tupany bolan «Artur» tropik tupany ABŞ-nyň günortasyndaky birnäçe sebitlerde sil suwlaryna we adatdan daşary ýagdaý düzgüniniň girizilmegine......

17.06.2026 11:34
5.7k+

Germaniýada zäherli gurçuklar sebäpli mekdepleri we seýilgähleri ýapmaly bolýar

Öň habar berşimiz ýaly, tomsuň düşmegi bilen Germaniýanyň birnäçe sebitinde howply mör-möjekleriň - Thaumetopoea processionea kebelek gurçugynyň çozmagy bilen ýüzbe-ýüz bolýarlar. Indi saglyga howpludygy......

16.06.2026 09:56
10k+

Filippindäki ýer titremesi deňziň düýbüni iki metr ýokary galdyrdy

Filippinde bolup geçen 7,8 magnitudaly ýer titremesi deňziň düýbüniň iki metr ýokary galmagyna getirdi. Bu ýagdaý hatda Mindanao adasynyň kenar ýakasyny hem üýtgetdi....