FIFA ýylyň iň gowy oýunçylaryny 17-nji dekabrda sylaglar

FIFA ýylyň iň gowy oýunçylaryny 17-nji dekabrda sylaglar

Halkara futbol federasiýasy (FIFA) anna güni 2020-nji ýylyň “The Best FIFA Football Awards” baýrak gowşurylyş dabarasynyň geçiriljekdigini tassyklady. Bu barada news.sportbox.ru habar berýär.

Dabara 17-nji dekabrda wirtual görnüşinde geçer. Ses berme 25-nji noýabrda başlar we 9-njy dekabrda tamamlanar.

Bu ýyl saglykdan has möhüm zadyň ýokdugy öňküsinden has aýdyň boldy. Oýnuň esasy gahrymanlary diňe oýunçy hökmünde däl, eýsem, ähli jemgyýete umyt bermek we dowam edýän jemgyýetçilik saglygy çökgünligine garamazdan, agzybirlik habaryny paýlaşmak üçin görelde hökmünde uly jogapkärçiligi öz üstüne aldylar. Ýaryşlar dikeldilenden soň, biziň sport görnüşimizde agyr zähmetiň we raýdaşlygyň utgaşmagy futboly köpler üçin rahatlygyň we şatlygyň çeşmesine öwürdi. Şonuň üçin FIFA-nyň bu üýtgeşik ýylda şeýle üstünlikleri bellemegi möhümdir – diýlip, guramanyň habarynda aýdylýar.

Baýraklar şeýle nominasiýalarda gowşurylýar: “Ýylyň iň gowy zenan futbolçysy”, “Ýylyň iň gowy futbolçysy”, “Ýylyň iň gowy zenan tälimçisi”, “Ýylyň iň gowy erkek tälimçisi”, “Zenanlaryň arasynda ýylyň iň gowy derwezebany”, “Erkekleriň arasynda ýylyň iň gowy derwezebany”, “Ýylyň zenanlar ýygyndy topary”, “Ýylyň erkekler ýygyndy topary”, “FIFA-nyň arassa oýun üçin baýragy”, “Ferens Puşkaş baýragy”, “FIFA-nyň janköýerler baýragy”.