4-nji, 5-nji we 6-njy ýyl talyplar tejribelikden okuw ýerlerine dolanarlar — Bilim ministrligi

4-nji, 5-nji we 6-njy ýyl talyplar tejribelikden okuw ýerlerine dolanarlar — Bilim ministrligi

Sebitde we dünýäde ýaramaz epidemiologik ýagdaý zerarly, Türkmenistanyň Bilim ministrligi ýurdumyzyň ýokary okuw mekdepleriniň sargytlary boýunça 4-nji, 5-nji we 6-njy ýyl talyplaryň önümçilik tejribeliklerini tamamlap, okuw ýerlerine dolanyp gelmekleri üçin ýörite ulag gatnawlaryny gurar.

ORIENT agentliginiň habar bermegine görä, gatnawlar 15-nji noýabrdan 23-nji noýabr aralygynda amala aşyrylar.
Munuň üçin «Türkmenhowaýollary», «Türkmendemirýollary» we «Türkmenawtoulaglary» agentlikleriniň howa gämileri, ýolagçy otlulary we awtomobilleri ulanylar.
Bilim ministrligine talyplaryň sanawyny düzmek hem-de şol sanawlaryň «Türkmenhowaýollary», «Türkmendemirýollary» we «Türkmenawtoulaglary» agentlikleriniň Aşgabat şäherindäki we welaýatlardaky petek kassalaryna ýetirmek tabşyryldy. Şuňa laýyklykda, ulag agentlikleriniň ählisi petek satylýan ýerlerde talyplara hyzmat etjek aýratyn kassalary açarlar.