Jozef Baýden ABŞ-nyň 46-njy prezidenti bolar

  • 07.11.2020 23:06
  • 23k+

Jozef Baýden ABŞ-nyň 46-njy prezidenti bolar. Ol öz ýeňşini eýýäm yglan etdi. Demokratlaryň partiýasyndan Prezidentlige dalaşgär Jozef Baýden Ak tam ugrundaky göreşde respublikan Donald Trampdan üstün çykmak üçin zerur bolan 270 saýlaw sesini aldy diýip, Euronews habar berýär.

Donald Tramp bolsa Baýdeniň "ýalan beýanlar bilen howlugandygyny" belledi we duşenbe gününden başlap, onuň toparynyň kazyýet tertibinde sesleri sanamagyň netijelerine garşy dawa açjakdygyny aýtdy.
Jozef Baýden ýakyn wagtda halka ýüzlenme bilen çykyş eder. ABŞ-nyň wise-prezidenti wezipesini ýurduň taryhynda ilkinji gezek Baýdeniň hyzmatdaşy Kamala Harris ýerine ýetirer.
Baýden Pensilwaniýa ştatynda ýeňiş gazandy (20 saýlaw sesi). Şeýlelik bilen, häzirki wagtda onuň 273 saýlaw sesi bar, häzirki prezident, respublikanlardan dalaşgär Donald Tramp bolsa 213 ses aldy.
Saýlawlaryň netijesi üçin juda möhüm bolan ştatlaryň köpüsinde Tramp başda öňde barýardy, ýöne poçta üsti bilen gelýän býulletenler sanalanda, ol öz ýerini ýitirip başlady. Şu ýylky amerikan saýlawlarynyň möhüm aýratynlygy, koronawirus pandemiýasy döwründe geçirilendigi we demokratlaryň tarapdarlarynyň köpüsiniň saýlaw uçastogyna gelmezlik üçin poçta arkaly ses bermek hukugyndan peýdalanandygy boldy. Bu täze maglumatlar bolsa Baýdeniň tarapyndaky güýjüň balansyny üýtgetdi.

şu gün 14:40
644

Samsung we SK Hynix kompaniýalarynyň ägirt uly bonuslary ýurtda inflýasiýany ýokarlandyryp biler

Günorta Koreýanyň tehnoägirtleriniň işgärlerine beren uly möçberli pul sylaglary ýurtda zähmet haklarynyň umumy artmagyna sebäp bolup, inflýasiýany çaltlandyryp biler. Bu barada Koreýanyň Merkezi banky......

şu gün 14:16
1.1k+

Aklawçy Abelardo de la Espriella Kolumbiýanyň täze prezidenti boldy

Kolumbiýada geçirilen prezident saýlawlarynyň ikinji tapgyrynyň netijelerine görä, aklawçy Abelardo de la Espriella ýeniji boldy....

düýn 16:15
3.6k+

Beýik Britaniýanyň premýer-ministri Kir Starmer tiz wagtdan wezipesinden çekiler

Beýik Britaniýanyň premýer-ministri Kir Starmer Leýboristik partiýanyň lideri wezipesinden gitmekçidigini mälim etdi we özüniň deregine täze ýolbaşçy saýlanýança hökümete baştutanlyk etmegini dowam......

düýn 16:02
1k+

Döwlet biržasynda geleşikleriň jemi bahasy 62 mln ABŞ dollaryndan gowrak boldy

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň (TDHÇMB) söwdalarynda geleşikleriň 27-si hasaba alyndy. Bu barada TDH habar berýär....