Geçen hepde boýunça Türkmenistanyň birža täzelikleri

Geçen hepde boýunça Türkmenistanyň birža täzelikleri

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 80-si hasaba alyndy.

Daşary ýurt puluna Germaniýanyň, Birleşen Arap Emirlikleriniň, Türkiýe Respublikasynyň, Gazagystan Respublikasynyň, Özbegistan Respublikasynyň, Owganystan Yslam Respublikasynyň telekeçileri Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynda öndürilen awtomobil benzinini, dizel ýangyjyny, binýatlyk ýagy, nebit koksyny satyn aldylar. Seýdiniň nebiti gaýtadan işleýän zawodynda öndürilen agyr wakuum gazoýly Panamanyň we Owganystan Yslam Respublikasynyň işewürleriniň, polietilen bolsa Russiýa Federasiýasynyň işewür toparlarynyň wekilleriniň geleşikleriniň esasyny düzdi.
Bulardan başga-da, Russiýa Federasiýasynyň, Hytaý Halk Respublikasynyň, ABŞ-nyň, Germaniýanyň, BAE-niň, Türkiýe Respublikasynyň, Pakistan Yslam Respublikasynyň, Azerbaýjan Respublikasynyň, Özbegistan Respublikasynyň, Ukrainanyň, Gyrgyz Respublikasynyň telekeçileri daşary ýurt puluna reňksiz aýnany, boýalan tüýjümek önümleri, nah ýüplügi, guradylan buýan köküni we kök baldagyny satyn aldylar. Geleşikleriň umumy bahasy ABŞ-nyň 30 million 423 müň dollaryndan gowrak boldy.
Manat serişdelerine Şotlandiýanyň, Birleşen Arap Emirlikleriniň, Türkiýe Respublikasynyň, Gazagystan Respublikasynyň telekeçileri nah ýüplügi, Pakistan Yslam Respublikasynyň telekeçileri bolsa buýan köküniň ekstraktyny satyn aldylar. Geleşikleriň umumy bahasy ABŞ-nyň 34 million 250 müň manatlykdan gowrak boldy.
Ýurdumyzyň telekeçileri içerki bazar üçin bahasy 7 million 655 müň manatlykdan gowrak polipropilen örtügini we pagta süýümini satyn aldylar.