Täze internet-portal iş tapmagyň ýoluny ýeňilleşdirer

  • 24.10.2020 09:01
  • 9.6k+

Türkmenistanyň Zähmet we ilaty durmuş taýdan goramak ministrligi watandaşlary ministrligiň resmi internet saýtynda döredilen “Türkmenistanyň ilatyny iş bilen üpjün etmek” web-sahypasynyň hyzmatlaryndan peýdalanmaga çagyrýar.

Sahypanyň üsti bilen kärhanalar, edaralar we guramalar, şeýle-de aýry-aýry adamlar – hususy telekeçiler bar bolan boş iş orunlary, zerur hünärmenler we işgärler barada maglumatlary ýerleşdirip, iş gözleýän adamlara bu babatda habar berip bilerler, şeýle hem olaryň arasyndan degişli işgärleri saýlap bilerler.
Iş gözleýän raýatlar hünärlerine laýyk gelýän boş ýerler baradaky maglumatlar bilen tanyşmaga mümkinçilik gazanarlar.
Gyzyklanýan soraglaryňyz bilen ministrlige we onuň edaralaryna ýüz tutup bilersiňiz diýip, «Нейтральный Туркменистан» gazeti belläp geçýär.
Aragatnaşyk telefonlary: +99312394850, +99312394820
Internet-saýtyň salgysy: www.mlsp.gov.tm.
Işiň görnüşi boýunça boş iş orunlar üçin şu salgydan peýdalanyň.

şu gün 12:00
702

Disney 2026-njy ýylda film studiýalarynyň içinde ýygymy 3 milliard dollardan geçen ilkinji studiýa boldy

Walt Disney Studios 2026-njy ýylda dünýäde kassa girdejisini 3 milliard dollardan geçiren ilkinji kinostudiýa boldy diýip, Deadline neşiri habar berýär. Çeşmäniň maglumatyna görä, kompaniýanyň şu ýylky ähli......

şu gün 11:04
3.8k+

Özbegistan serhetleri kesgitlemek çäresiniň çäginde Gyrgyzystana iki sany oba berdi

Iki ýurduň arasyndaky döwlet serhedini kesgitlemek işleriniň çäginde Özbegistanyň umumy meýdany 236 gektar bolan iki sany ilatly nokady Gyrgyzystanyň düzümine geçdi....

şu gün 10:54
1.2k+

Dua Lipa Portu şäherinde öz hususy kitaphanasyny açdy

Aýdymçy Dua Lipa Portugaliýanyň Portu şäherinde «Manifesto Library» atly öz hususy kitaphanasyny açdy. Bu taslama, içki bezegleri we gurluşy taýdan Joan Roulinge «Garri Potter» älemini döretmäge ylham beren......

şu gün 10:44
1.1k+

Barlaglar doglan wagtyňdaky pes agramy irki akyl ösüşiniň yza galmagy bilen baglaýarlar

Bilefeld uniwersitetiniň barlagçylary agramy has pes bolup doglan çagalaryň, ortaça alanyňda, ýetginjekligiň irki döwründe akyl ukyplaryny anyklaýan synaglarda beýlekilerden pes netije görkezýändiklerini ýüze......