BMG Merkezi Aziýanyň žurnalistleri üçin bäsleşik yglan edýär

  • 22.10.2020 23:50
  • 2.8k+

Birleşen Milletler Guramasynyň Bosgunlar boýunça ýokary Komissarynyň Merkezi Aziýadaky edarasy Türkmenistandan, Gazagystandan, Gyrgyzystan Respublikasyndan, Täjigistandan we Özbegistandan bolan žurnalistler üçin raýatlyk we raýatsyzlyk temasyny ýaýmak boýunça bäsleşik yglan edýär diýip, ORIENT habar berýär.

Bäsleşik Birleşen Milletler Guramasynyň Bosgunlar boýunça ýokary Komissarynyň 2024-nji ýyla çenli raýatsyzlyga garşy alyp barýan #IBelong global kampaniýasynyň bir bölegidir.
Bäsleşigiň maksady sebitde raýatlygyň we raýatsyzlygyň dürli taraplarynyň hil taýdan gowy we netijeli beýan edilmegini goldamakdan ybarat. Bäsleşige çap edilen, internetde, telewideniýede ýa-da radioda paýlaşylan asyl materiallar hödürlenip bilner.
Ýazgylar dürli mowzuklara, şol sanda raýatsyzlygyň sebäbine we bu ugurdaky innowasiýa çözgütlerine, Merkezi Aziýa ýurtlarynyň raýatsyzlygy ýok etmekde gazanan üstünliklerine bagyşlanyp bilner.
Dalaşgärler öz işlerini 2020-nji ýylyň 31-nji dekabryna çenli kazalres@unhcr.org salgysyna ibermeli. Eserler iňlis, rus, gazak, gyrgyz, täjik, türkmen we özbek dillerinde kabul edilýär. Şeýle hem degişli hasaba alyş blankasyny doldurmaly.
Materiallara meseleleriň beýan edilişiniň aýdyňlygy, faktlara esaslanýan we ygtybarly maglumatlary ulanmak we žurnalistikanyň etiki ýörelgeleriniň berjaý edilmegi bilen baglylykda baha berler.
Iň gowy işler baradaky maglumatlar Birleşen Milletler Guramasynyň Bosgunlar boýunça ýokary Komissarynyň Merkezi Aziýadaky edarasynyň platformalarynda ýerleşdiriler. Bäsleşigiň şertleri barada has giňişleýin maglumaty şu salgydan tapyp bolar.

düýn 23:54
834

Merginiň watany: Keseliň iň gadymy ojagynyň yzlary Baýkal sebitinde tapyldy

Takmynan 5,5 müň ýyl ozal Baýkal kölüniň golaýynda aradan çykan onlarça awçy-ýygyjynyň dişlerinde mergi keselini döredýän bakteriýanyň DNK-synyň saklanyp galandygy belli boldy. Bu baradaky ylmy makala Nature......

düýn 23:47
906

Fransiýada aşa yssy howa sebäpli heläkçilik görkezijileri birden ýokary galdy

Fransiýada aşa yssy howanyň başlanmagy bilen gündelik ölüm görkezijilerinde ep-esli ösüş hasaba alyndy. Ýurduň «Santé publique France» milli saglygy goraýyş agentliginiň berýän maglumatlaryna görä, 24-nji......

düýn 23:45
677

Awstraliýanyň gaýalarynda dünýäniň iň kiçi haltaly jandarlarynyň täze görnüşi tapyldy

Kwinslend tehnologiýa uniwersitetiniň alymlary «Planigale petrophila» diýlip atlandyrylan haltaly haýwanlaryň täze görnüşini giňişleýin häsiýetlendirdi....

düýn 20:40
1.5k+

Seulyň 70 ýaşdan uly ýaşaýjylary awtobuslarda mugt gatnap biler

Seulyň şäher geňeşi 70 ýaşly we ondan uly bolan ýaşaýjylar üçin şäher awtobuslarynda mugt gatnamak baradaky karary makullady....