Gazagystanly işewürleriň patenti Türkmenistanda hem hereket edip biler

  • 15.10.2020 06:47
  • 5.2k+

Gazagystanyň sebit patenti Ýewraziýa patent ulgamynyň sekiz agza döwletinde hereket eder diýip, Gazagystan Respublikasynyň Adalat ministri Marat Beketaýew aýtdy. Bu barada ORIENT habar berýär.

Çarşenbe güni Majlisiň umumy mejlisinde “Ýewraziýa Patent konwensiýasynyň 1994-nji ýylyň 9-njy sentýabryndaky “Senagat taslamalarynyň goralmagy baradaky Teswirnamasyny” tassyklamak hakyndaky” Kanunyň taslamasy bilen tanyşdyran Beketaýew:

“Teswirnama tassyklanan halatynda, Gazagystanyň haryt öndürijileriniň senagat taslamalarynyň patenti Ýewraziýa patent ulgamynyň sekiz agza döwletinde - Ermenistanda, Azerbaýjanda, Belarusda, Gyrgyzystan Respublikasynda, Russiýa Federasiýasynda, Täjigistan Respublikasynda we Türkmenistanda hereket edip biler" diýip aýtdy.

Ministriň sözlerine görä, sebit patenti gazagystanly haryt öndürijileriň Ýewraziýa bazaryna gönükdirilen mümkinçiliklerini has-da giňelder.
Ýewraziýa patent ulgamy bitewi Ýewraziýa patenti esasynda oýlap tapyşlara bolan hukuklary goramaga mümkinçilik berýär. Mälim bolşy ýaly, Ýewraziýa patentleri ylmy-tehniki we ykdysady işjeňligiň ähli ugurlarynda döredilen oýlap tapyşlar üçin berilýär. Ol Ýewraziýa patent konwensiýasyna girýän 9 döwletiň çäginde hereket edýär.
Ýewraziýa patent ulgamyny döretmek, dolandyrmak hem-de onuň işini kämilleşdirmek maksady bilen 1994-nji ýylyň 9-njy sentýabrynda Ýewraziýa patent konwensiýasyna gol çekilipdi.

düýn 22:54
664

Misiň dünýä bazaryndaky nyrhy önümçilikdäki bökdençlikler sebäpli gymmatlaýar

Dünýä bazarlarynda misiň bahasy bir tonna üçin 14 000 dollardan geçip, taryhy iň ýokary derejesine golaýlady. Bloomberg agentliginiň habar berşi ýaly, nyrhlaryň beýle çalt ýokarlanmagyna magdan känlerindäki......

düýn 22:49
1.6k+

Narendra Modi hindistanlylary bir ýyllap altyn satyn almazlyga çagyrdy

Hindistanyň Premýer-ministri Narendra Modi halka ýüzlenip, iň bolmanda bir ýyl möhlet bilen altyn satyn almakdan saklanmaga çagyrdy. Hökümet baştutanynyň pikiriçe, bu çäre dünýä ykdysadyýetindäki durnuksyzlyk......

12.05.2026 20:41
11k+

ABŞ-nyň awtoulag senagaty Trampdan bazary hytaý awtoulaglaryna açmazlygy soraýar

Amerikan awtoulag öndürijileri, üpjün edijileri, polat guýujy kompaniýalary, kärdeşler arkalaşyklary we kanun çykaryjylar ABŞ-nyň prezidenti Donald Trampy ABŞ bazarynyň hytaý awtoulaglary üçin açylmagyna ýol......

12.05.2026 20:15
1.6k+

Aşgabatda «Agro Pack Turkmenistan – 2026» halkara sergisi geçirilýär

Şu gün Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynyň binasynda oba hojalyk harytlarynyň we azyk senagatynyň «Agro Pack Turkmenistan – 2026» atly halkara sergisi açyldy. Bu ýerde ýerli we daşary ýurtlaryň işewür......