Türkmenistan dökünleriň eksportyny 70% artdyrdy

Türkmenistan dökünleriň eksportyny 70% artdyrdy

Şu ýylyň ýanwar-iýul aýlarynda türkmen dökünleriniň eksportynyň gymmaty, geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, 73,4% ýokarlandy. Bu barada ýurduň Statistika baradaky döwlet komitetiniň maglumatyna salgylanyp, ORIENT habar berýär.

Şu ýylyň 7 aýynda Türkmenistan daşary ýurtlara 700 müň tonnadan gowrak dökün iberdi. Ýurdumyz, ilkinji nobatda, 2018-nji ýylyň sentýabr aýynda ulanylmaga berlen "Garabogazkarbamid" zawodynyň önümçilik kuwwatyny ulanmak arkaly önümçiligini ep-esli ýokarlandyrdy.
Şu ýylyň ýanwar-awgust aýlarynda mineral dökünleriň öndürilişi, geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, 42,1% ýokarlandy. Iň uly ösüş azot dökünlerinde boldy, ýagny onuň önümçiligi 52,3% artdy.
"Türkmenhimiýa" döwlet konserni dökün öndürmek boýunça ýyllyk meýilnamasyny eýýäm doldy. Meýilnama ýylyň tamamlanmagyna heniz 4 aý barka, ýagny awgusta çenli 109,3% ýerine ýetirildi.
Türkmenistanyň günbatarynda ýerleşýän "Garabogazkarbamid" zawody ýylda 1,155 müň tonna karbamid dökünlerini öndürmek üçin niýetlenendir. Ol sebitdäki iň uly we iň oňat enjamlaşdyrylan zawod hökmünde ykrar edildi. Ýokardaky getirilen statistiki maglumatlar bu gazhimiýa toplumynyň Türkmenistanyň Merkezi Aziýada mineral dökünleri iň köp öndüriji we eksport ediji ýurda öwrülmegine goşant goşandygyny tassyklaýar.