Türkmenistanyň täze Parlamentiniň wekilçilikli palatasyna saýlawlaryň senesi belli boldy

  • 26.09.2020 14:35
  • 13k+

Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň (Mejlisiniň) Halk Maslahatynyň (wekiller palatasy) agzalary üçin ilkinji saýlawlar 2021-nji ýylyň mart aýynyň soňky ýekşenbesinde geçiriler. Bu barada Halk Maslahatynyň başlygy Prezident Gurbanguly Berdimuhamedow tarapyndan gol çekilen kararda beýan edilýär.

Halk Maslahaty, şeýle hem, 2021-nji ýylyň 1-nji ýanwaryna çenli Türkmenistanyň kanunlaryna we beýleki kadalaşdyryjy hukuk namalara täze Konstitusion kanunyň kabul edilmegi, Halk Maslahatynyň wezipeleriniň tamamlanmagy we iki palataly parlament ulgamyna geçilmegi bilen baglanyşykly üýtgetmeleri we goşmaçalary girizmek boýunça işleri tamamlamak kararyna geldi.

şu gün 12:26
2.9k+

Seljermeler 2030-njy ýyla çenli Irlandiýanyň Ýewropanyň iň baý ýurdy boljakdygyna güwä geçýär

Euronews Business tarapyndan seljerilen Halkara pul gaznasynyň (HPG) hasaplamalaryna görä, 2030-njy ýyla çenli Ýewropada jemi içerki önümiň jan başyna düşýän derejesi artar, emma ýurtlaryň gurplulyk derejesi......

şu gün 02:06
3.3k+

Türkmenistanyň BMG-niň ýanyndaky hemişelik wekili Guterrişe ynanç hatlaryny gowşurdy

20-nji aprelde Türkmenistanyň Birleşen Milletler Guramasynyň (BMG) ýanyndaky täze bellenen hemişelik wekili Wepa Hajyýew guramanyň Baş sekretary Antoniu Guterrişe ynanç hatlaryny gowşurdy. Bu barada......

düýn 20:46
8.4k+

ABŞ-da 1 million dollarlyk ilkinji «altyn wiza» tassyklanyldy: eýýäm ýüzlerçe arza taýýar

Donald Trampyň administrasiýasy ABŞ-da ýaşamak rugsadyny berýän 1 million dollarlyk ilkinji «altyn wizany» tassyklady. Söwda ministri Goward Lýutnik häzirki wagtda bu mümkinçilige eýe bolmak üçin ýüzlerçe......

düýn 09:48
1.9k+

Türkmenistan we ESCAP ulag, howa we sebit taslamalaryny ara alyp maslahatlaşdy

Bangkokda geçirilen ESCAP-yň 82-nji sessiýasynyň çäklerinde Türkmenistanyň maliýe we ykdysadyýet ministriniň orunbasary Perhat Ýagşyýewiň ýolbaşçylygyndaky wekiliýet komissiýanyň ýerine ýetiriji sekretary......