“Sekiz ýüz” hytaý dramasy ýylyň iň girdejili filmi boldy

  • 23.09.2020 13:13
  • 8.4k+

Hytaýyň “Sekiz ýüz” atly söweş dramasy 2020-nji ýylyň iň üstünlikli kino taslamasy boldy. Bu barada ovideo.ru habar berýär. Filmiň girdeji ýygymy 426 million dollardan geçdi, bu oňa ozalky liderden – koronawirus pandemiýasy başlamazyndan öň çykan “Ýaramaz ýigitler baky” (424 million dollar) filminden öňe geçmäge mümkinçilik berdi. Şunuň bilen birlikde, ikinjisi görkezilen mukdary dünýä prokatynda ýygnady.

Kartinanyň sýužeti ýapon esgerleriniň çozup giren wagtynda Şanhaýdaky ammary gahrymanlarça goran hytaý esgerleriniň otrýadynyň töwereginde gurnalýar. Hünärmenler “Sekiz ýüzüň” ahyrynda 500 million dollar töweregi ýygnamaga ähli mümkinçiligi bar diýip hasaplaýarlar, bu ýurtda dowam edýän çäklendirmeleri göz öňünde tutsaň, täsirli üstünlik bolup durýar. Şunuň bilen birlikde, bu kartinany döretmek üçin 85 million dollaryň sarp edilendigini belläp geçmek gerek.
Öň, “Sekiz ýüzüň” üstünliginiň günbatar prokatçylarynda täsir galdyrandygy belli boldy. Kartina eýýäm birnäçe ýurtlarda, şol sanda Beýik Britaniýada hem görkezilmek üçin satyn alyndy. Ilkibaşda film 2019-njy ýylyň tomsunda çykarylmalydy, ýöne premýeranyň öň ýanynda gözegçilik organlarynyň buýrugy bilen ol prokatdan aýryldy.

düýn 12:18
1.3k+

Spotify 2025-nji ýylyň iň meşhur artistlerini, aýdymlaryny we albomlaryny saýlady

Spotify akym hyzmaty ýylyň jemini jemläp, 2025-nji ýylyň iň meşhur artistlerini, şeýle-de iň köp diňlenen aýdymlary we albomlary kesgitledi. Maglumatlara görä, dördünji gezek (2020, 2021 we 2022-nji ýyllardan soň) iň meşhur artist puertorikoly Bad Bunny boldy...

düýn 12:06
2.7k+

Amerikan kino instituty 2025-nji ýylyň iň gowy filmlerini we seriallaryny saýlady

Amerikan kinematografiýa instituty (AFI) 2025-nji ýylyň iň gowy kino- we teletaslamalarynyň sanawyny hödürledi. Filmleriň onlugyna şu aşakdakylar girdi: ·«Awatar: Ot we kül» (Аватар: Пламя и пепел) ·«Bir söweşden...

düýn 12:02
1.6k+

Leonardo Di Kaprio Maýkl Mannyň “Tutluşyk 2” filmine gatnaşjakdygyny tassyklady

Aktýor Leonardo Di Kaprio «Deadline» neşiri bilen söhbetdeşlikde «Tutluşyk 2» (Схватка 2) filmine gatnaşjakdygyny resmi taýdan tassyklady. Bu film režissýor Maýkl Mannyň jenaýat dramasynyň dowamy bolar. Film işläp taýýarlamak tapgyrynda bolup, ony düşürmek işleri 2026-njy ýyla meýilleşdirilýär...

düýn 12:00
3k+

Lego FIFA-nyň dünýä çempionatynyň kubogy görnüşinde kosntruktor toplumyny çykarar

Lego kompaniýasy we Halkara futbol federasiýasy (FIFA) dünýä çempionatynyň kubogynyň şekilini gaýtalaýan täze toplumyň çykarylandygyny habar berdi. 2842 bölekden ybarat toplum 2026-njy ýylyň 1-nji martynda satuwa çykar...