ABŞ Russiýa garşy sanksiýalaryny giňeldýär

  • 27.08.2020 13:44
  • 15k+

Waşington Russiýanyň Goranmak ministrliginiň iki sany ylmy-barlag institutyny sanksiýalar sanawyna girizdi diýip, Ria Nowosti agentligi ABŞ-nyň Söwda ministrliginiň web sahypasyna salgylanyp habar berýär.

Bu guramalar himiki we biologiki ýaraglaryň üstünde işlemekde güman edilýär.
Çäklendiriji çäreler 33-nji Merkezi ylmy-barlag we synag institutyna, Kirowdaky 48-nji Merkezi ylmy-barlag institutyna we onuň Sergiýew Posaddaky hem-de Ýekaterinburgdaky şahamçalaryna, şeýle hem Senagat we söwda ministrliginiň tabynlygyndaky Organiki himiýa we tehnologiýa döwlet ylmy-barlag institutyna garşy girizildi.
Iýun aýynda 48-nji Merkezi ylmy-barlag instituty rus koronawirusa garşy sanjymyny zäherlilik, howpsuzlyk, immunogenlik we gorag netijeliligi boýunça synagdan geçirdi. Sanjymyň öndürilen Gamaleýa merkeziniň başlygy netijeli we ýokary hilli işleri üçin institutyň ýolbaşçylaryna we işgärlerine minnetdarlyk bildirdi.
Bu guramalaryň ABŞ-nyň Söwda ministrliginiň sanawyna girizilmegi ABŞ-nyň häkimiýetleriniň ýurduň milli howpsuzlygyna we daşary syýasat bähbitlerine howp salýan şahsyýetlere we guramalara bar bolan kadalara laýyklykda harytlary eksport etmek, gaýtadan eksport etmek we geçirmek üçin çäklendirmeleri girizýändigini aňladýar.
Senator Oleg Morozow RIA Nowostidäki teswirinde Waşingtonyň kararyny olaryň sanjymy öndürmekde utulmagy bilen düşündirdi. Onuň pikiriçe, ABŞ rus derman serişdesi üçin Günbatar bazarlaryny ýapmak isleýär, şeýle-de bolsa, bu sanjyma islendik ýagdaýda isleg bildiriler.

düýn 19:38
2.8k+

Raşid Meredow ukrain diplomatlary bilen duşuşdy

25-nji iýunda Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow Ukrainanyň daşary işler ministriniň orunbasary Oleksandr Mişenko we Ukrainanyň Daşary işler ministrliginiň Merkezi Aziýa ýurtlary bilen......

düýn 19:26
1.2k+

Daşary işler ministrleriniň orunbasarlary derejesinde türkmen-ukrain syýasy geňeşmeleri geçirildi

25-nji iýunda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde daşary işler ministrleriniň orunbasarlarynyň derejesinde türkmen-ukrain syýasy geňeşmeleri geçirildi. Bu barada ministrligiň metbugat gullugy habar......

düýn 11:05
3.6k+

Bütindünýä bankynyň hasabaty: 2035-nji ýyla çenli ýaşlaryň 1,2 milliardy zähmet bazaryna geler

Bütindünýä bankynyň «Gyzgalaňly iş üpjünçiligi meselesi» atly hasabatyna görä, ýakyn onlarça dowamynda ösüp barýan ýurtlar öň görülmedik synag bilen ýüzbe-ýüz bolarlar: takmynan 1,2 milliard ýaş nesil zähmet......

26.06.2026 20:55
2.8k+

Toşiaki Endo «Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna» ýubileý medaly bilen sylaglandy

25-nji iýunda Tokioda, Ýaponiýanyň Parlamentiniň binasynda Ýapon-Türkmen Parlamentara Dostluk toparynyň ozalky başlygy Toşiaki Endo «Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna» atly ýubileý medalyny we......