ABŞ koronawirusa garşy sanjymy bilen beýleki ýurtlara hem paýlaşyp biler

  • 29.07.2020 22:22
  • 9.9k+

ABŞ-nyň Prezidenti Donald Tramp geçiren brifinginde koronawirusa garşy sanjym bilen beýleki ýurtlary hem üpjün etmek mümkinçiligini gözden geçirýändigini aýtdy. «ToDay News Ufa» neşiriniň habar bermegine görä, Prezident öýkeniň emeli howa täzelenişi üçin enjamlar bilen bagly ýagdaý ýaly, koronawirusa garşy enjamlary hem mätäçlik çekýänlere iberip biljekdigini aýtdy. Muny tdnu.ru ýetirýär.

“Haçan-da bizde bu sanjym bolanda, ol ýaýradylar. Bu tutuş ýurt boýunça çalt proses bolar. Ähtimal, biz öýkeniň emeli howa täzelenişi üçin enjamlar bilen üpjün edişimiz ýaly, sanjymyň uly mukdary bilen dünýäniň beýleki böleklerini hem üpjün ederis” – diýip, Tramp belleýär.
Şeýle-de, Tramp sanjymlary taýýarlamak üçin materiallaryň önümçiliginiň ýokarlanandygyny belledi. Enjam makullanylandan soň Amerika 100 mln dozany derrew öndürip biler, soňra ýene-de 500 mln dozany öndürer.
Pfizer amerikan kompaniýasy täze koronawirusa garşy sanjymyň kliniki synaglarynyň ikinji we üçünji tapgyrlaryny birikdirmek kararyna geldi diýip, Donald Tramp aýdýar. Döwlet ýolbaşçysy koronawirusa garşy amerikan sanjymynyň 2020-nji ýylyň ahyryna çenli taýýar boljakdygyny birnäçe gezek aýtdy. Ol serişdeleri taýýarlamak işini çaltlaşdyrmak maksady bilen farmakologik kärhanalara kömek edýän döwlet maksatnamasyny döretdi. Onuň çäklerinde degişli synaglardan we barlaglardan soň derrew amerikanlara ýetirmek üçin mümkin bolup biljek sanjymyň dozasynyň uly mukdary öndürilýär.

Öň, Tramp Pfizer kompaniýasynyň koronawirusa garşy sanjymlary kliniki synaglardan geçýän birinji kompaniýa boljakdygyny habar berdi, synaglardan soň ABŞ kompaniýadan 100 mln doza alar. Bu serişdäniň amerikanlaryň arasynda mugt ýaýradylmagyna garaşylýar. Ýakynda ABŞ-da koronawirusa garşy sanjym köpçülikleýin barlagdan geçirilip başlandy. Moderna amerikan biotehnologik kompaniýasy serişdäniň kliniki synaglarynyň üçünji tapgyryna girişendigini habar berdi. ABŞ-nyň hökümeti bu sanjymyň döredilmegine tas bir milliard dollara golaý bölüp berdi.

düýn 23:28
1.9k+

Fransiýada saglyk ätiýaçlandyryşy semizlige garşy dermanlaryň çykdajylaryny töläp başlar

Fransiýada milli ätiýaçlandyryş maksatnamasynyň çäklerinde, 2026-njy ýylyň iýun aýynyň ortalaryndan başlap, semizligi bejermek üçin niýetlenen derman serişdelerini satyn almagyň çykdajylary döwlet tarapyndan......

28.05.2026 19:35
6.7k+

ABŞ Ebola ýokuşan raýatlaryny bejergi üçin Keniýa ibermek isleýär

ABŞ-nyň administrasiýasy Ebola keseline ýolugan amerikan raýatlaryny bejergi we karantin üçin Keniýa ibermek barada meýilnama taýýarlady. Bu barada The New York Times gazeti ygtybarly çeşmelere salgylanyp......

27.05.2026 10:15
6.2k+

«Mehanika» sürmek demensiýa garşy göreşde peýdaly bolup çykdy

Mehaniki geçiriş gutuly awtoulaglary sürmeklik ýaşuly sürüjilerde ýaş bilen bagly kognitiw bozulmalaryň töwekgelçiligini azaldyp biler. Tohoku uniwersitetiniň professory Rýuta Kawasimanyň ýolbaşçylygyndaky......

26.05.2026 07:09
3k+

Alymlar depressiýany anyklamak üçin oýun işläp düzdüler

Nýu-Ýork uniwersitetiniň Langon Hells lukmançylyk merkeziniň alymlary depressiýany sanlyja minutda anyklamaga mümkinçilik berýän kompýuter oýnuny işläp düzdüler. Medical Press neşiriniň ýazmagyna görä, oýnuň......