ABŞ Huawei-iň enjamlaryndan ýüz öwren ýurtlara töläp başlamagy meýilleşdirýär

  • 27.07.2020 15:03
  • 6.9k+

Hytaý tehnologik ägirdi Huawei bilen Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň arasyndaky gatnaşyklar baryp 2008-nji ýylda çylşyrymlaşyp başlady. Şonda ýurduň hökümeti kompaniýany ABŞ-nyň howpsuzlygyna wehim salmakda aýyplady. Indi bolsa bu dawa has ula ýazyp biler, çünki ABŞ-nyň hökümeti Huawei kompaniýasynyň enjamlaryndan ýüz öwürmegi üçin beýleki ýurtlara töleg edip başlamagy meýilleşdirýär, diýip ferra.ru habar berýär.

Bäşinji nesliň toruny gurnamakda Huawei kompaniýasynyň enjamlaryny ulanmakdan ýüz öwürmek boýunça başlangyjy Fransiýadan we Beýik Britaniýadan başlap, birnäçe ýurduň goldandygyna garamazdan, amerikan hökümeti munuň bilen çäklenmek islemeýär. Olar Aziýa — Ýuwaş ummany sebitleriniň ýurtlaryny hem özüne çekmek isleýär.

«Nikkei Asian Review» neşiri tarapyndan çykarylan maglumatlara laýyklykda, ABŞ-da ýurtlara Huawei kompaniýasynyň enjamlaryndan ýüz öwürmek üçin pul tölemegi göz öňünde tutýan «arassa» infrastruktura başlangyjynyň girizilmegi mümkin. Mundan başga-da, çeşmäniň maglumatlary boýunça, ykdysady ösüş, energetika we daşky gurşaw boýunça ABŞ-nyň Departamentiniň ýolbaşçysynyň orunbasary Kit Krah Huawei kompaniýasyny maglumatlary ogurlamak boýunça Hytaýyň Kommunistik partiýasynyň syýasatyny ýaýradyjy diýip aýyplady.

şu gün 16:15
1.2k+

Beýik Britaniýanyň premýer-ministri Kir Starmer tiz wagtdan wezipesinden çekiler

Beýik Britaniýanyň premýer-ministri Kir Starmer Leýboristik partiýanyň lideri wezipesinden gitmekçidigini mälim etdi we özüniň deregine täze ýolbaşçy saýlanýança hökümete baştutanlyk etmegini dowam......

şu gün 16:02
302

Döwlet biržasynda geleşikleriň jemi bahasy 62 mln ABŞ dollaryndan gowrak boldy

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň (TDHÇMB) söwdalarynda geleşikleriň 27-si hasaba alyndy. Bu barada TDH habar berýär....

20.06.2026 11:41
3.9k+

Türkmenistan bilen Malaýziýanyň arasynda ikitaraplaýyn resminamalara gol çekildi

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow bilen Malaýziýanyň premýer-ministri Anwar Ibrahimiň arasynda geçirilen ikitaraplaýyn hem-de iki ýurduň wekiliýetleriniň gatnaşmagynda giňişleýin düzümde dowam......

20.06.2026 11:35
3.7k+

Türkmenistanyň Prezidenti bilen Malaýziýanyň premýer-ministriniň arasynda gepleşikler geçirildi

19-njy iýunda Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow bilen Türkmenistana resmi sapar bilen gelen Malaýziýanyň premýer-ministri Anwar Ibrahimiň arasynda ikitaraplaýyn gepleşikler geçirildi. Bu barada......