Russiýada koronawirusa garşy sanjym almaklyk meýletin ýagdaýda bolar

  • 26.07.2020 23:40
  • 17k+

Russiýada koronawirus ýokanjyna garşy sanjym etmeklik meýletin ýagdaýda bolar. Ilat hem sanjyma uly gyzyklanma bildirýär. Bu barada RF-iň saglygy goraýyş ministri Mihail Muraşko “Rossiýa-1” teleýaýlymynda “Şenbe gününde habarlar” programmasyna beren interwýusynda aýtdy. 

“Sanjym sançmak meýletin ýagdaýda bolar, ýöne biz ilatyň gyzyklanmasynyň örän ýokarydygyny görýäris” – diýip, ol belleýär.

Muraşko Russiýanyň Saglygy goraýyş ministrliginiň N.F.Gamalei adyndaky epidemiologiýanyň we mikrobiologiýanyň milli merkezi tarapyndan taýýarlanylan koronawirusa garşy sanjymyň kliniki synaglarynyň tamamlanýandygyny, “Wektor” wirusologiýanyň we biotehnologiýanyň döwlet ylmy merkeziniň bolsa sanjymyň kliniki synaglaryny meýletinçilerde geçirmäge rugsat alandygyny ýatlap geçdi. “Ine, şu iki dalaşgär sanjym biziň ýurdumyzyň howpsuzlygyny üpjün etmek üçin, häzirki günde dogry ugur bilen gidýärler” – diýip, ministr sözüniň üstüni ýetirýär.

Russiýada, koronawirus bilen göreş boýunça federal operatiw ştabyň maglumatlaryna laýyklykda, keseliň 806 720 ýagdaýy bellige alyndy, 597 140 adam sagaldy, 13 192 adam ýogaldy. RF-iň hökümeti ýurtdaky ýagdaýlar bilen habarly bolmak üçin стопкоронавирус.рф portalyny işe girizdi. 

düýn 23:48
493

Global maýlamaklyk dünýäniň iň uly derýalarynda kislorodyň derejesini peseltdi

Hytaýyň klimatologlary soňky 40 ýylyň dowamynda Ýeriň iň uly derýalarynda ereýän kislorodyň konsentrasiýasynyň peselendigini habar berdiler. Barlagçylaryň çaklamalaryna görä, howanyň üýtgemegi häzirki......

düýn 15:57
4.4k+

Hytaýdaky kömür şahtasynda heläkçilik boldy

Hytaýyň demirgazygyndaky Şansi welaýatynda ýerleşýän kömür şahtasynda partlama boldy. Gynançly wakanyň netijesinde azyndan 90 adam pida boldy diýip, Hytaýyň döwlet CCTV telekompaniýasy habar berýär....

20.05.2026 15:16
7.4k+

Hytaýyň günorta we merkezi sebitleri güýçli ýagyşlardan we ýer süýşgünlerinden ejir çekdi

Hytaýyň günorta we merkezi sebitlerinde ýagan güýçli ýagyşlar sil suwlaryna we ýer süýşgünlerine getirdi....

18.05.2026 21:05
9.5k+

Hytaýyň günortasynda bolan ýer titremesinden soň 7 müňden gowrak adam başga ýere göçürildi

Hytaýyň günortasyndaky Lýuçžou şäherinde 5,2 bal güýji bolan ýer titremesi boldy. Tebigy betbagtçylyk sebäpli 7 müňden gowrak adam başga ýere göçürildi diýip, Reuters agentligi habar berýär....