BSGG-niň Türkmenistanda COVID-19 boýunça netijenamasyny 15-nji iýulda yglan etmegine garaşylýar

  • 13.07.2020 10:20
  • 40k+

Ýurdumyzyň hökümetiniň haýyşy boýunça Türkmenistana gelen Bütindünýä saglygy goraýyş guramasynyň wekiliýeti Lebap sebitindäki we Aşgabatdaky saglygy goraýyş edaralaryna baryp gördi.

Ýurdumyzyň milli saglygy goraýyş edaralary bilen hyzmatdaşlykda, jemgyýetçilik sagdynlygy we epidemiologiýa boýunça hünärmenler topary COVID-19 bilen baglanyşykly howpy bahalandyrmak we oňa garşy durmagyň ýollaryny işläp taýýarlamak işine gatnaşýarlar. BSGG-niň wekilleri näsaglary bejermek, lukmançylyk edaralarynda we barlaghanalarda ýokanç keselleriň öňüni almak we olara gözegçilik etmek üçin döredilen şertleri üns bilen gözden geçirdiler, şeýle hem Özbegistanyň serhedine golaý ýerleşýän Farapda we Owganystan bilen serhetde oturan Ymamnazarda barlag nokatlaryna baryp gördüler. Hünärmenleriň esasy ünsi epidemik gözegçiligiň guralyşyna, jemgyýetçilik gatnaşyklary bilen baglanyşykly töwekgelçilik barada maglumat bermäge gönükdirilendir.

Şu gün – 13-nji iýulda BSGG-niň wekiliýeti ýurdumyzyň günbatar sebitine – Balkana ugraýar. Olar bu ýerde lukmançylyk edaralaryndan başga-da, Türkmenbaşynyň halkara deňiz portundaky gözegçilik nokadyna baryp görerler. 10 günlük saparyň netijelerine esaslanyp, BSGG-niň hünärmenleri türkmen halkynyň saglygyny COVID-19-dan goramak üçin iň oňat çözgütleri işläp düzmekde öz bahalaryny we tekliplerini bererler.

«BSGG-niň Türkmenistandaky wekiliýetiniň netijeleriniň 15-nji iýulda, ýagny çarşenbe güni geçiriljek brifingde yglan edilmegine garaşylýar»

ORIENT tarapyndan alnan deslapky maglumatlara görä, Bütindünýä saglygy goraýyş guramasynyň hünärmenleri görülýän öňüni alyş çäreleriniň öz wagtyndalygyna we hiline, şeýle hem Türkmenistanyň dünýäde, şol sanda goňşy ýurtlarda çalt ýaýran howply ýokanç keseller sebäpli abanýan global kynçylyklara we howplara garşy durmaga taýýarlygyna gowy baha berýärler.

şu gün 09:56
7.3k+

Filippindäki ýer titremesi deňziň düýbüni iki metr ýokary galdyrdy

Filippinde bolup geçen 7,8 magnitudaly ýer titremesi deňziň düýbüniň iki metr ýokary galmagyna getirdi. Bu ýagdaý hatda Mindanao adasynyň kenar ýakasyny hem üýtgetdi....

düýn 22:20
4.8k+

Planetamyz her ýyl 10 million gektar töweregi tokaý ýitirýär: asyryň başyndan bäri bu ýitgi iki essä golaý artdy

Earth-iň hasaplamalaryna görä, dünýäde her ýyl 10 million gektar töweregi tokaý ýitirilýär, bu ýitginiň 96%-i tropiki sebitlerde bolýar. 2001-nji ýyldan 2024-nji ýyla çenli agaç örtüginiň ýitgisiniň möçberleri......

düýn 18:47
4.8k+

Ispaniýadaky tokaý ýangyny 330 gektar meýdana ýaýrady we raýatlaryň göçürilmegine getirdi

Ispaniýanyň La-Korunýa welaýatynyň Padron häkimligine degişli Erbon obasynda dörän tokaý ýangynyny häzirki wagta çenli söndürip bolmady. Iň soňky çaklamalara görä, ot 330 gektara golaý meýdany weýran etdi,......

düýn 16:12
4k+

Ýuwaş ummanynda soňky onýyllyklaryň iň güýçli El-Ninýo hadysalarynyň biri emele geldi

ABŞ-nyň Milli umman we atmosfera barlaglary dolandyryşy (NOAA) we Bütindünýä meteorologiýa guramasy Ýuwaş ummanynyň işjeň El-Ninýo fazasyna girendigini habar berdiler, bu bolsa soňky onýyllyklaryň iň......