BAE Marsda şäher döretmek meselesini öwrenmek üçin howa şaryny uçurar

  • 13.07.2020 09:57
  • 11k+

Birleşen Arap Emirlikleri Marsa howa şaryny ibermekçi bolýar. Onuň uçuşy sişenbe güni, 14-nji iýulda “Tanegasima kosmiki merkezi” ýapon kosmodromynyň territoriýasyndan amala aşyrylar. Enjam kosmosa Mitsubishi H-IIA raketa-göterijisinde iberiler. Üstünlikli bolan ýagdaýynda bu uçuş musulman köpçüligi bilen arap ýurdy tarapyndan gurnalan birinji üstünlikli planetara işi bolar. Bu barada discover24.ru habar berýär.

Bellenilip geçilişi ýaly, öň Marsyň orbitasyna diňe ABŞ, Hindistan, Russiýa we Ýewropanyň kosmiki agentligi zondy üstünlikli ibermegi başarýardy. Häzirki wagtda marsohody goýbermeklige Hytaý, şeýle-de BAE taýýarlanýar.
Marsa iberiljek Nore (“Umyt”) atly zond Gyzyl planetanyň howa ýagdaýynyň ösüşi barada düşünje bermeli hem-de örän uly maksat, ýagny adamlar üçin planetada mekan gurmak üçin islendik möhüm habary anyklamaly bolar. “Umydyň” bortunda Gyzyl planetanyň atmosferasyny jikme-jik öwrenmäge mümkinçilik berjek birbada üç sany enjam ýerleşer. Habar berlişine görä, bazany döretmek işi geljek ýüz ýylyň dowamynda meýilleşdirilýär. Zond planeta 2021-nji ýylda ýetmeli.
Häzirki wagtda Dubaý Marsda şäheriň nähili boljakdygy barada taslama işläp taýýarlady. Bu şäheri döretmegiň bahasy 136 million dollar töweregi, onda Marsyň şertlerinde suwy, energiýany we önümleri saklamak ýaly meseleler öwreniler.

şu gün 00:17
457

Voyager Technologies: adamlar eýýäm 2030-njy ýyllardan başlap Aýda ýaşap we işläp bilerler

Voyager Technologies aerokosmos startapynyň baş direktory Dilan Teýlor adamlaryň şu onýyllygyň ahyryna çenli Aýy işjeň öwrenmäge başlajakdygyny, indiki onýyllygyň başynda bolsa ol ýerde hemişelik ýaşap we......

düýn 19:33
867

Unitree Robotics kompaniýasy dünýäde ilkinji pilotirlenýän transformasiýa roboty bolan GD01-i döretdi

Hytaýyň Unitree Robotics kompaniýasy dünýäde ilkinji pilotirlenýän transformasiýa roboty bolan GD01-i köpçülikleýin öndürmäge doly taýýar edip görkezdi....

düýn 15:48
1.7k+

WSJ: Google bilen SpaceX orbita maglumat merkezlerini ugratmak hakda gepleşik geçirýär

«Google» kompaniýasy «SpaceX» bilen hasaplaýyş kuwwatlyklaryny kosmosda ýerleşdirmegi göz öňünde tutýan synag tehnologiýasy — orbital maglumat merkezlerini işe girizmek barada gepleşikler geçirýär. Bu barada......

düýn 07:30
2.2k+

Huawei 10 000 mA·sag kuwwatly we düýbünden täze gurluşly batareýany synagdan geçirýär

Huawei kompaniýasy materiallary we gurluşy boýunça täze nesil akkumulýatorlary synagdan geçirýär. Insajer «Digital Chat Station-yň» berýän maglumatyna görä, bu batareýalaryň sygymy 10 000 mA·sag derejesinden......