Çempionlar ligasynyň finaly 23-nji awgustda “Benfikanyň” stadionynda geçiriler

Çempionlar ligasynyň finaly 23-nji awgustda “Benfikanyň” stadionynda geçiriler

UEFA “Sekizleriň finaly” görnüşinde geçiriljek Çempionlar ligasy-2019/20 barada giňişleýin maglumat berdi. Bu barada metaratings.ru habar berýär.
Çempionlar ligasynyň 2019/20 möwsümi 1/8 finalynyň galan oýunlary bilen, geçirilmegi bellenilen öňki ýerlerde dowam etdiriler. Şoňa görä-de, “Ýuwentus” öz öýünde “Liony” (ilkinji oýun - 0:1), “Baýern” “Çelsini” (3: 0), “Barselona” “Napolini” (1: 1) kabul eder, “Mançester Siti” bolsa Madridiň “Realy” bilen boljak duşuşygynda geçen oýundaky üstünligini gaýtalamaga synanyşar (2: 1). Eger-de “öý eýesi” öz ýerinde kabul edip bilmeýän bolsa, ýeri UEFA kesgitläp berer.
Iki stadionda geçiriljek “Sekizleriň finaly” 12-nji awgustda Lissabonda badalga alar. Bije çekilişik 10-njy iýulda bolar. Ýeri gelende belläp geçsek, “Sekizleriň finalynda” pleý-offyň her tapgyrynda iki toparyň arasynda bir oýun geçirilýär.
Çärýek final oýunlary 12-15-nji awgust aralygynda, ýarym final 18-nji we 19-njy awgustda, final oýny bolsa 23-nji awgustda “Benfikanyň” “Estadiu da Luş” stadionynda geçiriler.
2019/20 möwsümiň Çempionlar ligasynda arakesme döwründe çärýek finalçylar kesgitlenildi – “Atalanta”, “RB Leýpsig”, “PSG” we “Atletiko”. 1/8 finalyň ilkinji oýunlarynda “Lion” “Ýuwentusy” utdy (1:0), “Napoli” “Barselona” bilen deň oýnady (1:1), Madridiň “Realy” “Mançester Sitiden” (1:2), “Çelsi” bolsa “Baýernden” utuldy (0:3).