Mohammad Aşraf Gani owgan halkyna berilýän uly kömek üçin türkmen Liderine hoşallyk bildirdi

Mohammad Aşraf Gani owgan halkyna berilýän uly kömek üçin türkmen Liderine hoşallyk bildirdi

Owganystan Yslam Respublikasynyň Prezidenti Mohammad Aşraf Gani netijeli döredijilik syýasaty hem-de abadan durmuşy gurmakda owgan halkyna berilýän uly kömek üçin türkmen Liderine ýürekden hoşallyk bildirdi. Şunuň bilen baglylykda, Türkmenistanyň Prezidentiniň teklip edýän, owgan meselelerini çözmäge çemeleşmeleri, başyny başlan iri ulag-aragatnaşyk taslamalary Owganystandaky ýagdaýy asuda kadalaşdyrmaga, durnuklylygyň we howpsuzlygyň esaslaryny berkitmäge, tutuş sebitiň durmuş-ykdysady taýdan ösmegine uly goşant boljakdygyna berk ynam bildirildi. Bu barada iki ýurduň Liderleriniň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlikde bellenildi.
Telefon söhbetdeşliginiň çäklerinde Türkmenistanyň hem-de Owganystanyň Liderleri özara gyzyklanma döredýän sebit we halkara häsiýetli meseleleri ara alyp maslahatlaşdylar.
Gurbanguly Berdimuhamedow owgan kärdeşini Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 25 ýyllygy mynasybetli dekabr aýynda geçiriljek halkara derejedäki maslahata we çärelere gatnaşmaga çagyrdy. Teklip minnetdarlyk bilen kabul edildi.