Donald Tramp Türkmenistanyň Prezidentini Nowruz baýramy bilen gutlady

  • 23.03.2020 22:19
  • 9k+

Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň Prezidenti Donald Tramp Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowy hem-de türkmen halkyny Nowruz baýramy bilen gutlady.
Hususan-da, ABŞ-nyň Prezidenti Gutlag hatynda şeýle belleýär: «Owganystanda parahatçylygy we durnuklylygy pugtalandyrmak ugrunda oňyn hyzmatdaşlyk üçin Size hoşallyk bildirýärin hem-de Siziň ýurduňyzyň Amerikanyň Birleşen Ştatlary, Merkezi Aziýa we Hazar sebiti ýurtlary bilen gatnaşyklary giňeldýändigini goldaýaryn.
Biziň döwletlerimiziň, işewür toparlarymyzyň hem-de halklarymyzyň arasynda gatnaşyklaryň geljekde hem pugtalandyryljakdygyna ynam bildirýärin».
D.Tramp Gutlagyny türkmen dilinde «Nowruz baýramyňyz gutly bolsun!» diýen sözler bilen jemläpdir.

düýn 21:40
2.6k+

Türkmen diplomatlaryna Bitaraplygyň 30 ýyllygy mynasybetli döwlet sylaglaryny gowşuryldy

6-njy dekabrda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde ýurdumyzyň diplomatik gullugynyň işgärlerini «Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna» atly ýubileý medaly bilen sylaglamak dabarasy geçirildi. Türkmenistanyň...

düýn 13:21
10k+

Serdar Berdimuhamedow «Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna» atly ýubileý medaly bilen sylaglandy

Türkmenistanyň Mejlisi Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Gurbangulyýewiç Berdimuhamedowy «Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna» atly Türkmenistanyň ýubileý medaly we ýadygärlik nyşanlar toplumy bilen sylaglamak hakynda Karar kabul etdi...

düýn 13:04
9.8k+

Serdar Berdimuhamedow Türkmenistanyň Bitaraplygyna bagyşlap täze kitabyny ýazyp tamamlady

Prezident Serdar Berdimuhamedow 2025-nji ýylyň jemlenmegi bilen bagly «Türkmenistanyň Bitaraplygy - parahatçylygyň we ynanyşmagyň aýdyň ýoly» atly kitabyny ýazyp tamamlady. Bu barada döwlet Baştutany 6-njy dekabrda geçirilen giňişleýin Hökümet mejlisinde habar berdi...

düýn 12:56
9k+

Türkmenistanda Halkara Bitaraplyk güni mynasybetli 231 raýatyň günäsi geçildi

Prezident Serdar Berdimuhamedow iş kesilen 231 raýatyň Halkara Bitaraplyk güni mynasybetli günäsini geçmek baradaky Permana gol çekdi. Bu barada “Watan” habarlar gepleşiginde habar berildi. 6-njy dekabrda geçirilen...