Luis Suares: “Topar dolanan wagtynda oýna çykmaga taýýar bolaryn. Garaşylyşyndan hem çalt gutulýaryn”

  • 23.03.2020 22:02
  • 4.3k+

“Barselona”-nyň hüjümçisi Luis Suares sag dyzynyň kekirdewüginiň şikesinden soň dikeldiş möhleti barada aýtdy, bu barada news.sportbox.ru habar berdi.
“Irräk dolanmak pikiri öňden bäri dowam edýärdi, ýöne häzir ýagdaý üýtgedi. Lukman maňa hemme zadyň gowudygyny aýtdy, bu bolsa meniň bahymrak yzyma dolanyp biljekdigime umyt döretdi. Haçan-da topar yzyna dolananda (koronawirus zerarly arakesmeden soň), men hem oýnamaga taýýar bolaryn.
Aslynda men maýyň başyna taýýar bolaryn diýip çaklanylýardy, ýöne ähli zat biraz çalt bolup geçýär. Men özümden talap edilýän işden gowy baş çykaryp bildim, bu bolsa maňa garaşyşymdam hem ir dolanmagyma güýç berdi.
Koronawirus pandemiýasy bilen baglylykda bize howpsuzlyk çärelerini kabul etmek we adamlaryň häzir futbol oýunlaryna däl-de, öýden gorkusyz çykyp bilmek, çagalar bilen seýilgählere gitmek, durmuşdan ýene-de lezzet almak mümkinçiligine garaşýandyklaryna düşünmek gerek” – diýip, Suares interwýusynda belleýär.
Ýatladyp geçsek, ýaňy-ýakynda Luis Suares janköýerlere ýüzlenip, olaryň koronawirusyň öňüni almak meselesinde lukmanlaryň maslahatyny diňlemeklerini sorady.
“Hemmäňize salam! Men siziň ähliňizi Barselonadaky öýümden gujaklaýaryn we wirus bilen göreşmekde güýç tapmagyňyzy arzuw edýärin. Biz ýagdaýy gowulandyrmaga ukyply. Eger-de biz özümiz barada alada etsek, bu biziň goňşular we müňlerçe beýleki adamlar baradaky aladamyzy aňladar.
Lukmanlaryň maslahatyny diňlemek we şahsy gigiýenany saklamak örän möhümdir. Sizi gujaklaýaryn. Öýüňizden çykmaň” – diýip, Suares aýdýar.
Ýanwarda Suaresi sag dyzynyň kekirdewügine şikes ýetme zerarly operasiýa etdiler. Suares şu möwsümde “Barselona” üçin 23 oýna gatnaşyp, 14 gezek gol geçirdi.

düýn 22:49
2.5k+

DÇ-2026: Pleý-off tapgyrynyň öňüsyrasynda toparçalardaky ýagdaý nähili? Kim gider, kim galar?

Futbol boýunça 23-nji dünýä çempionatynyň toparçalaýyn tapgyrynyň iň jogapkärli – 3-nji tapgyry başlanýar. Köp ýygyndylar üçin bu ädim pleý-offa (1/16 finala) çykmagyň soňky mümkinçiligi. A käbirleri eýýämden......

düýn 18:18
2.5k+

UFC Drikus dýu Plessi bilen Kamaru Usmanyň duşuşygyny yglan etdi

UFC-niň orta agram derejesindäki öňki çempiony Drikus dýu Plessi guramanyň ýarym orta agram derejesindäki öňki çempiony Kamaru Usman bilen urşar. Promouşeniň habar bermegine görä, bu tutluşyk 19-njy iýulda......

düýn 13:39
8.3k+

DÇ-2026-nyň 2-nji tapgyry tamamlandy: Ronaldo dubl etdi, Kolumbiýa bilen Angliýa pleý-offda

Futbol boýunça 2026-njy ýylyň dünýä çempionatynda 2-nji tapgyryň ähli duşuşyklary tamamlandy. Oýun gününiň baş wakasy — özüniň ajaýyp oýny bilen meýdançada şowhun döreden Kriştianu Ronaldunyň dubly boldy. Ol......

düýn 10:20
2.1k+

2030-njy ýylyň Olimpiýa we Paralimpiýa oýunlarynyň nyşanlary hödürlendi

2030-njy ýylyň Oýunlarynyň guramaçylyk komiteti Fransiýanyň Alp daglarynda geçiriljek Olimpiýa we Paralimpiýa oýunlarynyň logotiplerini hödürledi....