“Ýewrowideniýe-2021-e” gatnaşyjylar täze aýdymlar bilen çykyş ederler

  • 23.03.2020 21:46
  • 2.1k+

Guramaçylar ýurtlara indiki ýyl bäsleşige gatnaşjak aýdymçylary üýtgetmäge ýa-da olary öňküligine galdyrmaga mümkinçilik berdi.
Ýewropanyň gepleşik birleşigi (EBC) koronawirus zerarly ýatyrylan “Ýewrowideniýe” bäsleşigine gatnaşyjylaryň 2021-nji ýylda täze aýdymlar bilen çykyş etmelidigi baradaky karary kabul etdi, bu barada aýdym-saz forumynyň metbugat gullugynda habar berilýär.
18-nji martda “Ýewrowideniýä”-niň guramaçylary Rotterdamda maý aýyna meýilleşdirilen bäsleşigiň indiki ýyla geçirilýändigini mälim etdiler. Koronawirus pandemiýasy zerarly şeýle netijä gelindi.
“Halkara aýdym bäsleşigi “Ýewrowideniýä”-niň düzgünlerine laýyklykda şu ýylyň aýdymlarynyň 2021-nji ýyldaky bäsleşikde hödürlenilmäge hukugynyň ýokdugy barada çözgüt kabul edildi” – diýlip, Twitterdäki habarda aýdylýar.
Şonuň bilen birlikde EBC-de bellenilişi ýaly, her bir ýurt bäsleşikdäki wekilini üýtgetmäge hukukly. “Gepleşik kärhanalary 2021-nji ýyldaky bäsleşige haýsy aýdymçyny ýa-da artisti ibermelidigini çözüp bilerler: ýa-ha şu ýylyň wekilini, ýa-da täze wekili” – diýip guramaçylar anyklaşdyrýarlar.

düýn 17:01
10k+

96 ýaşynda häzirki zamanyň iň beýik binagärleriniň biri Frenk Geri aradan çykdy

Häzirki zamanyň iň beýik binagärleriniň biri Frenk Geri 96 ýaşynda aradan çykdy. Binagärlik dekonstruktiwizminiň ussady 5-nji dekabrda uzak dowam etmedik keselden soň Los-Anjelesdäki öýünde ýogaldy diýip, The Guardian neşiri habar berýär...

düýn 10:24
1.8k+

“Bulut tansçysy” reňki Pantone tarapyndan 2026-njy ýylyň reňki hökmünde saýlandy

Pantone 2026-njy ýylyň reňkini yglan etdi – ol “Cloud Dancer” (“Bulut tansçysy”) atly bitarap ak reňk boldy. Institut bu barada öz resmi saýtynda habar berdi. Pantone şeýle ak reňkiň “galmagally dünýäde rahatlyk, aýdyňlyk we döredijilik ylhamyny” getirýändigini belleýär...

29.11.2025 19:41
7.5k+

«Interneşnl hanymy 2025» bäsleşiginiň ýeňijisi Kolumbiýanyň wekili boldy

Kolumbiýanyň wekili Katalina Duke «Interneşnl hanymy 2025» halkara gözellik bäsleşiginiň ýeňijisi boldy. Şu ýyl bäsleşik 80 gözeliň gatnaşmagynda Ýaponiýada geçirildi. Täze «Interneşnl hanymy» 26 ýaşynda, ol Medelin şäherindäki EAFIT uniwersitetiniň sosial aragatnaşyk fakultetini tamamlady...

23.11.2025 00:49
4.6k+

Hytaýda häzirki zaman sungatynyň ägirt uly muzeýiniň gurluşygy tamamlanýar

Hytaýyň Suçžou şäherinde Jinji kölüniň kenarynda BIG (Bjarke Ingels Group) arhitektura býurosy tarapyndan taslanan Häzirki zaman sungat muzeýiniň gurluşygy tamamlanyp gelýär. Hypebeast neşiriniň habar bermegine görä, toplumyň umumy meýdany 60 000 inedördül metr bolar we ony 2026-njy ýylda açmak meýilleşdirilýär...