«Ählimiz bir toparda oýnaýarys» — Lewandowskiý koronawirusdan ejir çekenlere 1 mln ýewro geçirdi

«Ählimiz bir toparda oýnaýarys» — Lewandowskiý koronawirusdan ejir çekenlere 1 mln ýewro geçirdi

Germaniýanyň «Bawariýa» klubynyň we Polşanyň hüjümçisi Robert Lewandowskiý koronawirusdan ejir çekenlere € 1 mln geçirdi, diýip TASS agentligine salgylanmak bilen Trend habar berýär.
Mundan öň, Lewandowskiýniň topardaşlary Leon Goreska we Ýozua Kimmih dagy hem şol möçberdäki pul serişdelerini koronawirus pandemiýasyna garşy göreşmek üçin beripdiler.
«Häzirki ýagdaýlardan biziň ählijämiz habarly. Bu günki gün biziň ählimiz bir ýygyndyda oýnaýarys. Biz tapdan düşmeli däl, eger-de kimdir birine ýardam edip bilýän bolsak, onda hökmany suratda kömek etmeli» - diýip 31 ýaşly hüjümçi aýtdy.
«Bawariýanyň» düzüminde oýunçy bäş gezek Germaniýanyň çempiony boldy, iki gezek kubok aldy we üç gezek naýbaşy kubogyň eýesi boldy.
Täze koronawirusyň ýaýramagy 2019-njy ýylyň ahyrynda Merkezi Hytaýda hasaba alyndy, soňra ol dünýäniň 150-den gowrak döwletine ýaýrady we Bütindünýä saglygy goraýyş guramasy tarapyndan pandemiýa diýlip atlandyryldy.