Oppo smartfonlary barada anyk maglumatlar peýda boldy

  • 13.02.2020 22:07
  • 4.2k+

Internet çeşmeleri Oppo kompaniýasynyň Oppo A31 ady bilen çykjak we gymmat bolmadyk ykjam gurluşlaryň kategoriýasyna degişli boljak täze smartfony baradaky anyk maglumatlary neşir etdiler. Bu barada ixbt.com web-saýty habar berýär.
Oppo A31 bir kristally Helio P35 sistemasynyň binýadynda gurlan, satyn alyjylara 4 GB operatiw ýatly we 64 GB fleş-ýatly wersiýasy, şeýle-de 6 GB operatiw ýatly we 128 GB fleş-ýatly wersiýalary elýeterli bolar.
Smartfon HD+ ygtyýarly diagonaly 6,5 dýuýmly AMOLED ekrany bilen üpjün ediler. Esasy kamerada 16 we 2 Mp-li surat datçigi hem-de makrokamera oturdylan. Frontal kamera 8 Mp eýe.
Smartfonuň gabarasy 180 g agramda 163,9 x 75,5 x 8,3 mm barabar. Oppo A31 4230 mA/sag sygymly akkumulýator bilen üpjün edilen. Daktiloskopik datçigi yzky panelde ýerleşdirilen.
Bu arzan täze smartfon ýakyn wagtda çykar.

düýn 15:59
754

OpenAI we Google modelleriniň hytaýly bäsdeşi bolan DeepSeek V4 neýroulgamy çykdy

DeepSeek kompaniýasy özüniň täze uly dil modeli bolan V4-üň deslapky wersiýasyny çykardy. Ol beýleki modeller üçin ýokary öndürijilikli we tygşytly bäsdeş hökmünde görkezilýär....

düýn 15:13
1.8k+

Samsung «Galaxy Buds» gulaklyklary üçin konserwa bankalary görnüşindäki çehollary tanyşdyrdy

Samsung kompaniýasy Galaxy Buds gulaklyklarynyň zarýad beriji keýsleri üçin özboluşly gorag çehollarynyň seriýasyny çykardy. Olar iýmit önümleri salynýan bankalar görnüşinde dizaýn edildi....

düýn 11:38
2.1k+

Emeli aň az öwrenilen dillerde has gowy işläp başlady

Häzirki zaman emeli aň modelleri seýrek duş gelýän we az öwrenilen diller bilen işlemegi ep-esli gowulandyrdylar. Bu barada TechRadar neşiri RWS kompaniýasynyň geçiren barlagyna salgylanyp habar berýär....

düýn 08:07
1.7k+

ChatGPT ulanyjylaryny ýitirýär: olar Gemini we Claude-a geçýärler

Bäsdeşlik gurşawynyň güýçlenmegi bilen «ChatGPT» çat-botunyň meşhurlygy kem-kemden azalýar. Ulanyjylar emeli aňyň alternatiw hyzmatlary bolan «Gemini» we «Claude» ýaly platformalara geçip başladylar....