«Oskar — 2020»: baýragyň ýeňijileri yglan edildi

  • 10.02.2020 21:36
  • 5.8k+

9-njy fewraldan 10-una geçilýän gije Los-Anjelesde «Dolby Theatre» teatrynda her ýylda geçirilýän «Oskar 2020» abraýly kino baýragynyň gowşurylyş dabarasy boldy. Däp boýunça, nominantlaryň sanawyna ýylyň iň meşhur filmleri we iň zehinli aktýorlary goşuldy.
Iň gowy daşary ýurt filmi we režissýorlyk işi üçin baýragy «Parazitler» filmi hem-de režissýor Pon Çžun Ho aldy. Şeýlelik bilen baş nominasiýada «Oskar» baýragyny ilkinji gezek iňlis dilinde bolmadyk film eýeledi. Erkek adamyň roluny iň gowy ýerine ýetirmekde baýraga köp tomaşaçylaryň ýüregini eýelän «Jokeriň» keşbini ýerine ýetiren Hoakin Feniks mynasyp boldy, bu kartina «Filme iň gowy aýdym» kategoriýasynda hem baýrak aldy. Iň gowy zenan keşbi bolsa, aktrisa Rene Zellwegere (Judi) berdiler.
Amerikan aktýory Bred Pitt hem «Bir gezek Golliwudda» filminde ikinji plandaky iň gowy erkek adamyň roly üçin baýrak aldy. Bu Pitt üçin Amerikan kinoakademiýasynyň ilkinji aktýor baýragy boldy. Öň, ol «Oskar» baýragyna «12 ýyl gulçulyk» filminiň soprodýuseri hökmünde hödürlenilipdi.
Mundan başga-da baýraga şular mynasyp boldy:
Iň gowy doly metražly animasion film – «Oýunjaklaryň taryhy 4»;
Iň gowy gysga metražly animasion film – «Hair Love»;
Iň gowy original ssenariý – Pon Çžun Ho («Parazitler»)
Iň gowy ssenariý-adaptasiýa – Taýka Waýtiti («Кролик Джоджо»);
Iň gowy gysga metražly oýun filmi – «The Neighbors Window»;
Hudožnik-oýun goýujynyň iň gowy işi – «Bir gezek Golliwudda»;
Geýimleriň iň gowy dizaýny – «Kiçijik zenanlar»;
Iň gowy doly metražly dokumental film – «American Factory»;
Iň gowy gysga metražly dokumental film – «Learning to Skateboard in a Warzone»;
Ikinji plandaky iň gowy zenan keşbi – Lora Dern («Nika taryhy»). Lora Derniň hem bu ilkinji «Oskar» baýragy.
Iň gowy ses montažy – «Autsaýderler» («Ford Ferrarä garşy»);
Iň gowy ses – «1917»; Iň gowy operatorçylyk işi – Rojer Dikins «1917»;
Iň gowy montaž – «Autsaýderler» («Ford Ferrarä garşy»);
Iň gowy wizual effektler – «1917»;
Iň gowy grim we saça timar berme – «Skandal»;
Iň gowy aýdym – «(I’m Gonna) Love Me Again» («Roketmen»).
«Oskar» 24 nominasiýada berilýär. Bu ýyl hödürlenen nominasiýalarynyň sany boýunça Todda Filipsiň «Joker» trilleri lider boldy. Film 11 kategoriýada kino baýragyna hödürlenildi.

16.04.2026 22:53
1.8k+

Zendeýa On brendi bilen başdan-aýak eşik toplumyny çykardy

Meşhur aktrisa Zendeýa we On sport brendi bilelikde taýýarlan täze eşik we aýakgap kolleksiýasyny tanyşdyrdylar. WWD olaryň 16-njy aprele satuwa çykaryljakdygyny habar berýär....

16.04.2026 19:57
6.6k+

«Köwşüň aýagyňa laýykmy, ýa...?»:zenanlar näme üçin aýaklarynyň ululygyndan utanýarlar?

...Witrinanyň öňünde durup-durup, göwnüne ýaran owadan köwşi ahyry eline alan zenan satyjynyň ýanyna bardy-da, bir gyzaryp, bir bozaryp, özi üçin örän aýyp bolan soragy pyşyrdabrak daşyna çykardy:...

13.04.2026 16:26
4.3k+

Dizaýnerler jins geýmegiň iň moda usulyny aýtdylar

2026-njy ýylyň ýaz/tomus möwsüminiň esasy trendi jinsileri pasyrdap duran giň bluzkalar bilen geýmekdir. Bu görnüş romantikanyň üstüne rahatlyk goşup, geýen kişini göze ýakymly görkezýär....

04.04.2026 14:12
9.1k+

Jinsini döreden Lewi Strauss hiç haçan jinsi geýmändir

Häzirki wagtda jinsi matadan tikilen eşikler dünýäniň iň ýörgünli lybasy bolsa-da, ony döreden Lewi Strauss öz ömründe hiç wagt jinsi eşik geýmändir....