7.7k+

2025-nji ýylyň maý aýy umman gözegçiliginiň taryhynda ikinji iň yssy aý boldy

2025-nji ýylyň maý aýynda dünýä ummanynyň üstüniň ortaça temperaturasy 20,79 gradus boldy – bu gözegçiligiň taryhynda ikinji iň ýokary görkezijidir diýip, Ýewropanyň Copernicus gullugy habar berýär. 2024-nji ýylyň maý aýynda goýlan rekord dereje bu görkezijiden bary-ýogy 0,14 gradus ýokarydy...

5.3k+

Mercedes-Benz ýük ulagy yzlygyna 125 km ýol geçip, rekord goýdy

Germaniýanyň Oşersleben ýaryş ýolunda «Mercedes-Benz eActros» elektrikli ýük ulagy ýarym tirkeg bilen yzlygyna 124,7 kilometr ýol geçip, Ginnesiň rekordlar kitabyna girdi. Bu barada «New Atlas» habar berýär. Ulagyň rulunda 50 ýaşly awtoýaryşçy Marko Hellgrewe otyrdy...

8k+

Tom Kruz ot alan paraşýut bilen 16 gezek böküp, Ginnesiň rekordyny goýdy

Aktýor Tom Kruz ot alan paraşýut bilen 16 gezek böküp, Ginnesiň rekordlar kitabyna girmegi başardy. Howply hokga (trýuk) franşizanyň «Missiýa ýerine ýetirmesiz: Ahyrky hasaplaşyk» («Mission: Impossible – The Final Reckoning») atly sekizinji filminiň surata düşürilýän wagty ýerine ýetirildi...

5.9k+

Nepally alpinist Kami Rita Şerpa Ewereste rekord 31-nji gezek çykdy

Nepally alpinist Kami Rita Şerpa 31-nji gezek Ewereste çykyp, öz dünýä rekordyny täzeledi. Bu barada The Kathmandu Post habar berýär. Daga çykmagy gurnan Seven Summit Treks kompaniýasynyň başlygy Mingma Şerpanyň habar bermegine görä, 55 ýaşly alpinist sişenbe güni durnukly howa şertlerinde dünýäniň iň beýik depesine ýetdi...

3.5k+

Realme GT 7 telefondaky iň uzak kinoseans üçin Ginnesiň rekordlar kitabyna girizildi

«Realme GT 7» smartfony Ginnesiň rekordlar kitabyna girizildi. Ol mobil enjamda iň uzak wagt film görkezmek boýunça rekord goýdy – 24 sagat. Bu üstünlik Ginnesiň resmi wekili tarapyndan hasaba alyndy. «Realme» bu rekordyň 7000 mA·sag sygymly batareýanyň we 120Wt güýçli tiz zarýad berşiň mümkinçiligi bilen gazanylandygyny aýtdy...

10k+

BYD 7000 awtoulag daşamaga ukyply täze rolkerini suwa goýberdi

«BYD Auto» kompaniýasy özüniň ýük flotuny täze, sany boýunça eýýäm ýedinji uly rolkeri bilen giňeltdi. «Guangzhou Shipyard International» gämi gurluşyk zawodynda gurlan gämi 7000-e çenli awtoulag daşamaga ukyply diýip, «CnEVPost» neşiri habar berýär...

3.2k+

Bitkoiniň bahasy ilkinji gezek 110 müň dollardan geçdi

Maý aýynyň 22-ne geçilýän gije bitkoiniň bahasy ilkinji gezek 110 müň dollardan geçdi. Muňa «Binance» kriptobiržasynyň maglumatlary şaýatlyk edýär. Aşgabat wagty bilen sagat 8:45-de bitkoiniň bahasy iň ýokary derejesine – 111müň 880 dollara ýetdi...

4k+

Fizik Braýan Koks ylmy leksiýasynyň tomaşaçylarynyň sany boýunça rekord goýdy

Britaniýanyň ýadro fizigi, teleýaýlymyň alypbaryjysy, ylmy ýaýradyjy we professor Braýan Koks özüniň ylmy leksiýalaryna satylan petekleriň sany boýunça rekord goýdy. Onuň “Gözýetimler: XXI asyryň kosmos odisseýasy” (“Horizons: A 21st Century Space Odyssey”) atly dünýä aýlanan leksiýalaryna 2022-nji ýylyň awgustyndan 2025-nji ýylyň maý aýyna çenli 369 297 adam gatnaşdy...

5k+

ABŞ-da Oskar atly pişik uzak aralyga bökmekde rekord eýesi boldy

Oskar atly ýedi ýaşly pişik dünýäde pişikleriň arasynda iň uzyn böküşi ýerine ýetirip, Ginnesiň rekordlar kitabyna girdi. Oskar beýiklige böküp, howada 2,58 metr aralygy geçdi. Pişik Dallasyň (ABŞ) ýaşaýjysy Teodor Şillse degişli...

5.8k+

«Gulfstream G800» dünýäde iň uzak aralyga uçýan biznes-jet boldy

«Gulfstream G800» biznes-jeti resmi taýdan dünýäde iň uzak aralyga uçýan hususy uçar boldy. Bu howa ulagy ABŞ-nyň Federal raýat awiasiýasy edarasy (FAA) hem-de Ýewropa Bileleşiginiň Uçuş howpsuzlygy agentligi (EASA) tarapyndan sertifikatlaşdyryldy...

6.6k+

Täze rekord: 18 sagadyň dowamynda alty raketa kosmosa ugradyldy

Dünýä boýunça täze rekord goýuldy – 18 sagadyň dowamynda alty dürli göteriji raketa orbita ugradyldy diýip, «Space.com» habar berýär. Ilkinji uçuş Hytaýda boldy: 29-njy aprelde gijesine Haýnan adasyndaky Wençan kosmodromyndan «Long March 5B» raketasy Guowang hemra ulgamy üçin niýetlenen hemralary orbita çykardy...

7.9k+

82 ýaşly amerikaly zenan plankada Ginnesiň rekordyny goýdy

ABŞ-nyň Massaçusets ştatynyň ýaşaýjysy 82 ýaşly Sara Blekman planka ýagdaýynda bäş minutdan gowrak saklanyp, rekord goýdy. Ol şeýle netijä ýeten iň garry aýal boldy diýip, Ginnesiň rekordlar kitabynyň resmi web sahypasynda habar berilýär...