11k+

Hindistanly adam 1 millimetrden sähel uly bolan agaç çemçäni döretdi

Hindistandan 23 ýaşly inžener-elektrik we miniatýuraçy hudožnik K. Bijaý Kumar Reddi dünýäde iň kiçijik agaç çemçäni ýasady. Bu aşhana enjamy 1,13 millimetrden uly däl. Ginnesiň rekordlar kitabynyň saýtynda bellenilişi ýaly, çemçe şeýle bir kiçijik welin, ol hatda iňňäniň gözünden geçip bilýär...

9.7k+

Täze Zelandiýanyň ýaşaýjysy 2253 sözden ybarat ady alyp, rekord goýdy

Täze Zelandiýanyň ýaşaýjysy Lourens Uotkins dünýäde iň uzyn adyň eýesi hökmünde Ginnesiň rekordlar kitabyna girdi. Onuň doly ady 2253 sözden durýar diýip, Daily Mail ýazýar. Waka 1990-njy ýylyň martynda, Uotkinsiň öz şahsy maglumatlaryny üýtgetmek kararyna gelip, öz adyna iki müňden gowrak ikinji ady goşmagy bilen başlady...

3.2k+

Lucid Air Sapphire “ýüze” 1,881 sekuntda ýetip, rekord goýdy

Lucid Air Sapphire elektrik sedany Motor Trend amerikan žurnaly tarapyndan 100 km/sag çenli tizligini artdyrmak boýunça iň tiz önümçilik awtomobili diýlip ykrar edildi. Synaglarda ol duran ýerinden sagatda 60 mile (96 km/sag) çenli tizligini 1,881 sekuntda artdyrdy...

13k+

Müsürli göreşiji 700 tonnalyk gämini dişi bilen süýşürdi

44 ýaşly müsürli göreşiji Aşraf Mahrus 700 tonnalyk gämä daňylan tanapy dişinde gysyp, ony 15 metr süýşürdi. Türgen bu üstünligi Ginnesiň rekordlar kitabyna girizmek üçin arza bermek isleýär diýip, NBC News habar berýär...

4.6k+

Teýlor Swiftiň entek çykmadyk albomy Spotify-da rekord goýdy

Teýlor Swift Spotify-da täze rekord goýdy: onuň geljekki “The Life of a Showgirl” albomy resmi çykmazyndan ozal 5 milliondan gowrak ulanyjy tarapyndan çykan badyna diňlemek üçin öňünden ýatda saklanyp galdy. Bu platformanyň taryhynda albomyň şeýle görkezijä ilkinji gezek ýetmegidir...

7.9k+

Dubaýda bir çaşka kofe 680 dollara satylyp, Ginnesiň rekordy goýuldy

Dubaýda Ginnesiň täze rekordy goýuldy: Roasters Specialty Coffee House kofehanasy bir çaşka kofeni 2500 dirhama (takmynan, $680) satdy. Bu barada Rekordlar kitabynda habar berilýär. Rekord goýan kofe V60 süzgüjini ulanmak bilen purower usuly arkaly elde taýýarlandy...

5.8k+

Şwesiýaly Dýuplantis 6,30 m beýiklikden aşyp, 14-nji rekordyny goýdy

15-nji sentýabrda Tokiodaky ýeňil atletika boýunça dünýä çempionatynda şwesiýaly şestli böküji Arman Dýuplantis karýerasynda nobatdaky, eýýäm 14-nji dünýä rekordyny goýdy. Ol 6,30 m beýiklikden geçdi. Şonuň bilen türgen awgustda Budapeştdäki “Memorial Iştwan Dýulaý” ýaryşynda goýan öňki rekordyny (6,29 m) täzeledi...

11k+

Norwegiýanyň milli ýygyndysy Moldowa garşy 11 gol geçirdi: Holand rekord goýdy

2026-njy ýylyň dünýä çempionaty üçin Ýewropada saýlama ýaryşynyň 6-njy tapgyr oýunlarynyň birinde Norwegiýanyň milli ýygyndysy Moldowadan uly hasap bilen üstün çykdy. Oslodaky oýun 11:1 hasabynda tamamlandy. “Mançester Sitiniň” hüjümçisi Erling Holand bäş gol geçirip, iki assist etdi...

11k+

Täze zelandiýaly gyz 24 sekuntda LEGO bölekleriniň üstünden 100 m ylgap, rekord goýdy

Täze Zelandiýadan Gabriel Uoll 24,75 sekuntda LEGO bölekleriniň üstünden aýakýalaň 100 metr aralygy ylgap geçip, Ginnesiň rekordlar kitabyna girdi. Bu barada guramanyň saýtynda habar berilýär. “Bu tejribe ýatdan çykmajak boldy we men öz mümkinçiliklerimiň çäginden çykyp bilendigime buýsanýaryn” – diýip, Gabriel paýlaşdy...

18k+

Hytaýda dünýäniň iň beýik asma köprüsini 96 sany ýük ulagy bilen synagdan geçirdiler

Hytaýda Guýçžou welaýatynyň Huaszýan Uly kanýonynyň üstünden geçýän täze asma köpriniň soňky synaglary tamamlandy. Gurluş 625 metr belentlikde ýerleşýär we uzynlygy 2980 metrdir. Bu köpri Lýuçži we Anlun etraplaryny birleşdirýär we  kanýonyň üstünden geçmegiň wagtyny 1 sagat bolanlygyndan 1 minut 30 sekunda çenli gysgaldýar...

11k+

Meksikaly aşpezler tako taýýarlap, birbada üç rekord goýdy

Sýerra-Madre daglarynyň etegindäki Guadalupe şäherçesinde geçirilen La Discada festiwalynda meksikaly aşpezler Ginnesiň birbada üç rekordyny goýdy. Olar bir sagatda hödür edilen iň köp tako, iň uly gowrulan tagam we iň uly saç üçin hasaba alyndy...

9.2k+

Britaniýaly adam bir hepdede 55 sany "amerikan depejikleri" attraksionyna münüp Ginnesiň rekordyny goýdy

Britaniýaly Din Stouks Ginnesiň rekordlar kitabyna adyny ýazdyrdy – ol bir hepdäniň içinde "amerikan depejikleri" diýlip belli bolan 55 sany attraksionlara münüpdir diýip, BBC habar berýär. Rekordçy ilkibaşda diňe Beýik Britaniýadaky we Irlandiýadaky şeýle attraksionlara baryp görmegi maksat edinendigini, ýöne soňundan rekord goýmagy ýüregine düwendigini aýtdy...

14k+

102 ýaşly ýaponiýaly Fudzi dagyna çykan iň garry adam boldy

102 ýaşly ýaponiýaly Kokiti Akudzawa Fudzi dagyna çykan iň garry adam hökmünde Ginnesiň rekordlar kitabyna girdi. Adatça, daga çykmak 6 – 10 sagat wagt alýar, ýöne ol organizme agram salmazlyk üçin bu ýoly üç günde geçdi: Kokiti ýürek nogsanlygyndan ejir çekýär...

5.6k+

Horwatiýaly fridaýwer 29 minut 3 sekunt demini saklap, rekord goýdy

Horwatiýaly fridaýwer Witomir Mariçiç 29 minut 3 sekunt demini saklap, rekord goýdy. Ol 14-nji iýunda arassa kisloroddan dem alyp, basseýnde ýatdy we tas ýarym sagat hereketsiz durdy. Netije resmi taýdan Ginnesiň rekordlar kitabynda hasaba alyndy...