2.8k+

Microsoft: Ýer ýüzüniň her altynjy ýaşaýjysy emeli aňy ulanýar

2025-nji ýylyň ikinji ýarymynda dünýäde emeli aňyň ýaýramagynyň täze derejesi hasaba alyndy: indi neýroulgamdan Ýer ýüzüniň ilatynyň 16,3%-i, ýagny her altynjy adam peýdalanýar. Şeýle maglumatlar Microsoft AI Economy Institute-yň hasabatynda getirilýär...

4.2k+

Tunisli režissýor EA tarapyndan döredilen film üçin 1 mln dollar utdy

Tunisden Zubeýr Jlassi 1 Billion Followers Summit sammitinde dokuz minutlyk Lily filmi üçin AI Film Award baş baýragyny – 1 million dollar aldy diýip, Creapills habar berýär. Bäsleşik 2026-njy ýylyň 9 – 11-nji ýanwarynda Dubaýda geçirildi we wizual hatary döretmek üçin EA ulanylan ilkinji uly festiwal boldy...

1.1k+

Google 55 dile terjime etmek üçin açyk TranslateGemma EA modellerini hödürledi

Google 55 dile terjime etmek üçin açyk EA modelleriniň toplumyny – TranslateGemma-ny hödürledi. Ol ykjam gurluşlarda, noutbuklarda we bulut serwerlerinde internete birikmezden işleýär. Hatara modeliň üç wersiýasy girdi: 4 mlrd parametrli görnüş smartfonlar we ykjam gurluşlar, 12 mlrd parametrli model sarp ediji noutbuklary üçin niýetlenýär...

2.2k+

ChatGPT-iň mugt wersiýasynda mahabat goýlup başlanar

OpenAI kompaniýasy ýakyn wagtda ChatGPT platformasynyň mugt ulanyjylary üçin synag tertibinde mahabatlary ýerleşdirip başlar. Mahabatlar esasy mugt wersiýada we "Go" nusgasynda, ulanyjynyň sowallaryna berilýän jogaplaryň ýanynda görkeziler...

1.4k+

OpenAI mugt ChatGPT Translate emeli aň terjimeçisini işe girizdi

OpenAI kompaniýasy täze ChatGPT Translate hyzmatyny işe girizdi. Häzirki wagtda EA terjimeçisi beta-synag režiminde bolup, mugt işleýär. Ol 50-den gowrak dili, şol sanda rus dilini goldaýar. Android Authority neşiriniň belleýşi ýaly, entek kompaniýa ChatGPT Translate barada resmi taýdan habar bermedi, ýöne hyzmat eýýäm ulanyjylar üçin ýörite saýtda elýeterlidir...

1.1k+

OpenAI Cerebras-dan 10 milliard dollarlyk hasaplaýyş güýjüni satyn alar

OpenAI startap Cerebras Systems-den hasaplaýyş güýjüni satyn almak barada ylalaşyga gol çekdi. Şertnama laýyklykda, ChatGPT-ni işläp düzüjä üç ýylyň dowamynda 750 megawatta çenli serişdeler elýeterli bolar. The Wall Street Journal-yň ýazmagyna görä, şertnamanyň umumy bahasy 10 milliard dollardan hem geçýär...

5.2k+

Bill Geýts on ýyldan soň iki günlük iş hepdesiniň boljakdygyny çaklaýar

Microsoft-yň egindeş esaslandyryjysy Bill Geýts on ýyldan soň, emeli aňyň ösmegi netijesinde, adamlaryň hepdede diňe iki gün işlejekdigini aýtdy. Ol bu barada The Tonight Show teleýaýlymyndaky Jimmy Fallon bilen bolan söhbetdeşliginde aýtdy we öz sözlerini indi köp işlerde adam hyzmatynyň talap edilmeýändigi we başga işler üçin wagty ep-esli artjakdygy bilen düşündirdi...

7.5k+

Bir gijelik uky esasynda 130 keseli anyklamak mümkin

Täze barlaglar uky derňewiniň horlama ýa-da demikme ýüze çykmasyndan has köp maglumat berip biljekdigini görkezdi. Nature Medicine žurnalynda çap edilen giň möçberli gözleg, uky laboratoriýasynda uklanyp geçirilen bir gijäniň köp sanly agyr keselleriň döremek howpuny olaryň ýüze çykmagyndan birnäçe ýyl öň kesgitläp biljekdigini subut etdi...

6.5k+

Bill Geýts emeli aňyň howplary hakynda täze esse ýazdy

Bill Geýts her ýyl okyjylara hödürleýän essesiniň «Çykgytly optimizm» atly täze nusgasyny çap etdi. Onda Microsoft kompaniýasynyň esaslandyryjysy emeli aňyň häzirki ýagdaýyna we geljegine baha berýär. Geýts essede tehnologiýanyň ýokary mümkinçiliklerini ykrar etmek bilen birlikde, onuň çalt we harsal düzgünleşdirilmegi bilen baglanyşykly bolup biläýjek ulgamlaýyn töwekgelçiliklere ünsi çekýär...

2.4k+

Google TV üçin Gemini: Telewizoryňyz indi sizi diňleýär we düşünýär

Telewizorlar diňe bir ekran bolmagyny bes edip, öýüňiziň akylly söhbetdeşlik hyzmatdaşyna öwrülýär. Google TV üçin täze Gemini täzelenmesi tehnika bilen gatnaşygy adaty bir söhbetdeşlik derejesine çykardy. Indi telewizoryň sazlamalaryny üýtgetmek üçin pult arkaly çylşyrymly menýularda wagt ýitirmek gerek däl...

1.5k+

ChatGPT-de saglyk baradaky soraglar üçin aýratyn bölüm peýda boldy

OpenAI kompaniýasy ChatGPT-de täze funksiýany – saglyk bilen baglanyşykly soraglar üçin ChatGPT Health ady bilen aýratyn bölümi hödürledi. Bu režimde ulanyjylar has şahsylaşdyrylan jogaplary almak üçin lukmançylyk ýazgylaryny we bedeniň ýagdaýyna gözegçilik ediji programmalary birikdirip bilýär...

1k+

OpenAI ses arkaly dolandyrylýan aýratyn enjamy taýýarlaýar

OpenAI audiomodel işine ünsi gönükdirip, ses arkaly işleýän şahsy enjamy döretmegi göz öňünde tutýar. Taslamany durmuşa geçirmek üçin kompaniýa gözlegçileri, inženerleri we önüm menejerlerini bir topara birikdirdi diýip, The Information habar berýär...

2.3k+

ChatGPT her ulanyjy üçin ýylyň jemini görkezip başlady

ChatGPT-de indi Spotify Wrapped ýaly şahsy ýylyň jemini jemlemek funksiýasy peýda boldy. Täze gural «ChatGPT bilen ýylyňyz» adyny aldy we häzirlikçe birnäçe ýurtda, şol sanda ABŞ-da, Beýik Britaniýada, Kanadada, Awstraliýada we Täze Zelandiýada çäkli ulanyjylar üçin elýeterlidir...

2.7k+

Gemini Google-yň emeli aňda ýasalan mazmunyny tanamagy öwrendi

Google öz Gemini çat-botuna kompaniýanyň EA modelleri tarapyndan döredilen kontenti tanamak funksiýasyny goşdy. Munuň üçin ýörite sanly bellik ulanylýar. Ulanyjy Gemini çat-botuna surat ýa-da wideo iberip, olaryň emeli aň tarapyndan döredilendigini ýa-da ýokdugyny sorap biler...

2.1k+

ChatGPT-niň içinde programmalar dükany peýda boldy

OpenAI kompaniýasy gönüden-göni ChatGPT çat-botunyň interfeýsine girizilen programmalaryň katalogyny hödürledi. Täze çözgüt ulanyjylara çatdan çykmazdan üçünji tarap hyzmatlaryny birikdirmäge, aýdym-sazy dolandyrmaga ýa-da resminamalar bilen işlemäge mümkinçilik berýär diýip, The Verge ýazýar...

2.4k+

OpenAI täze ChatGPT Images surat generatoryny işe girizdi

OpenAI kompaniýasy tekst beýany boýunça surat döretmek we redaktirlemek üçin GPT-5.2-niň esasynda täze ChatGPT Images modelini işe girizdi. Esasy maksat jikme-jiklikleri saklap, suratlary mümkin boldugyndan hakyky ýaly etmekden ybarat...

4.4k+

ÝHHG türkmen blogçylary we mazmun döredijileri üçin gysga möhletli okuw geçirdi

ÝHHG-niň Aşgabat merkezinde ýörite ýerli blogçylara we mazmun döredijilere niýetlenen metbugat hem hukuk sowatlylygy boýunça gysga möhletli okuw geçirildi. "Türkmenistan: Altyn asyr" elektron neşiriniň habar bermegine görä, milli alyp baryjylaryň we halkara Gazagystandan bilermen Adil Jalilowyň gatnaşmagynda geçirilen bu çärede jemgyýetçilik pikirini döredýänleri taýýarlamagyň strategik ähmiýeti nygtaldy...

1k+

Walt Disney OpenAI kompaniýasyna 1 mlrd dollar maýa goýar

Walt Disney Company amerikan kompaniýasy we OpenAI emeli aň işläp düzüjisi üçýyllyk ygtyýarnama şertnamasyny baglaşdy. Onuň çäklerinde Disney hyzmatdaşyna 1 mlrd dollar maýa goýar. Deadline neşiriniň maglumatlaryna görä, OpenAI-iň Sora generatiw programmasy emeli aňyň kömegi bilen wideolary döretmek üçin 200-den gowrak Disney personažyny öz içine alýan ýygynda elýeterli bolar...