3.6k+

ChatGPT yzyňa gara: Gemini ýetip gelýär

Google Gemini emeli aň (EA) kömekçisiniň auditoriýasy aýda 750 mln işjeň ulanyja ýetdi. Bu maglumatlar kompaniýanyň nobatdaky çärýekleýin hasabatynda görkezildi. Google geçen çärýekde Gemini-iň her aýda 650 mln işjeň ulanyjysynyň bardygyny habar beripdi...

5.4k+

Emeli aň işçi eliniň ýetmezçiliginden kösenýär

Emeli aň industriýasynyň çalt depginler bilen ösmegi, maglumat merkezlerini gurmak we olara hyzmat etmek üçin zerur bolan işçi hünärmenleriniň ýiti ýetmezçiligini ýüze çykardy diýip, WIRED neşiri ýazýar. Netijede elektriklere, gurluşykçylara, howalandyryş we sowadyş ulgamlaryny gurnaýan işgärlerine bolan isleg birden ýokarlandy...

1.6k+

YouTube-da wideolaryň awtomatik EA-dublýažy ähli ulanyjylar üçin elýeterli boldy

YouTube wideo hyzmaty emeli aňyň esasynda awtomatik dublýaž funksiýasy üçin birnäçe täzelenmeleri yglan etdi. Indi bu hyzmat ähli ulanyjylar üçin elýeterli we 27 dili goldaýar. YouTube 2024-nji ýylda emeli aň arkaly awtomatik ses bermek funksiýasyny tanyşdyryp, ony diňe synag toparyndaky awtorlar üçin elýeterli edipdi...

2.9k+

Adamlar biri-birine ynanmaýan syrlaryny emeli aňa ynanýarlar

Täze barlaglar adamlaryň biri-birek bilen paýlaşýan, hatda kähalatda biri-birilerine aýtmaga-da dözmeýän syrlaryny emeli aňa ynanýandyklaryny ýüze çykardy. Fraýburg we Geýdelberg uniwersitetleriniň alymlary tarapyndan geçirilen şeýle barlagyň netijeleri Communications Psychology žurnalynda çap edildi...

3.1k+

Ilon Mask özüniň SpaceX we xAI kompaniýalarynyň birleşýändigini yglan etdi

​Amerikaly telekeçi Ilon Mask özüniň SpaceX kosmos kompaniýasynyň we emeli aň ulgamyndaky xAI startap kompaniýasynyň birleşýändigini yglan etdi, diýlip SpaceX saýtynda habar berilýär. ​Işewüriň aýtmagyna görä, iki kompaniýanyň birleşmegi bir wagtda emeli aň, raketagurluşyk, internet hyzmatlaryny hödürlemek we sosial media bilen meşgullanyp biljek «innowasion maşynyň» peýda bolmagyna getirer...

2.2k+

ChatGPT-däki mahabat Meta-dan üç esse gymmat bolar. Ýöne...

OpenAI startapynyň ChatGPT interfeýsine mahabat ornaşdyrmaga we gönüden-göni çat-botuň içinde söwda etmek mümkinçiligini döretmäge taýýarlanýandygy öňräkden bäri mälimdir. The Verge neşiriniň berýän maglumatyna görä, ChatGPT-de mahabat goýmagyň bahasy beýleki bäsdeş taraplary bilen deňeşdirilende ep-esli ýokary bolar...

1.9k+

Nesil yzarlaýan keselleri önünden çaklamak üçin Google DeepMind täze gural döretdi

Google DeepMind kompaniýasy keselleriň döremegine täsir edýän genetiki faktorlary ýüze çykarmak üçin niýetlenen AlphaGenome atly emeli aň guralyny tanyşdyrdy. Bu model bir wagtyň özünde DNK kodunyň 1 milliona çenli belgisini seljermäge ukyplydyr, bu bolsa täze bejeriş usullaryny işläp düzmäge ýardam eder diýip, The Guardian neşiri habar berýär...

1k+

YouTube emeli aň arkaly döredilen kontenti «arassalap» başlady

YouTube platformasy emeli aňyň kömegi bilen döredilen pes hilli kontentleri bozup başlady. Şu sebäpli platformadan eýýäm iki uly kanal ýitdi diýip, «The Verge» neşiri habar berýär. Wideomontaž üçin «Kapwing» hyzmatynyň hasabatyna görä, 5,9 million agzasy bolan CuentosFacianantes kanaly bozuldy...

2.7k+

12 ýylda iň iri şertnama: Apple 2 milliard dollara ysraýylly Q.AI startapy satyn aldy

Apple kompaniýasy audio maglumatlary işläp taýýarlamak üçin emeli aň tehnologiýalaryny döredýän Ysraýylyň Q.AI startapyny satyn alandygyny yglan etdi. Financial Times neşiriniň habar bermegine görä, kompaniýanyň resmi metbugat beýanatyny çap etmändigi sebäpli şertnamanyň jikme-jiklikleri entek nämälimligine galýar...

1.2k+

OpenAI 13-nji fewraldan başlap GPT-4o we beýleki köne modellerini öçürer

13-nji fewraldan başlap OpenAI kompaniýasy ChatGPT interfeýsinden könelen emeli aň modellerini aýyrýar. Ulanyşdan aýryljak modelleriň hatarynda GPT-4o, GPT-4.1, GPT-4.1 mini we OpenAI o4-mini bar. Işläp düzüji mundan beýläk ähli ünsüni GPT-5 seriýasynyň häzirki zaman wersiýalaryna, hususan-da, ulanyjylaryň aglaba böleginiň makullaýan GPT-5...

7.7k+

Ilon Maskyň üç kompaniýasynyň birleşmek mümkinçiligi maslahatlaşylýar

SpaceX kompaniýasy Ilon Maskyň beýleki kompaniýalary bolan xAI ýa-da Tesla bilen birleşmek mümkinçiligini maslahatlaşýar diýip, Reuters agentligi habar berýär. Gepleşikler şu ýyla meýilleşdirilen paýnamalaryň ilkinji gezek köpçülige hödürlenmegine (IPO) taýýarlyk görülýän wagty geçirilýär...

2.4k+

Matematikler emeli aňyň adam paýhasyndan öňe geçmejegini subut etdiler

Emeli aňyň başarnyklary hernäçe öwülse-de, bu gün matematiki subutnamalar uly dil modelleriniň (LLM) belli bir çylşyrymlylyk derejesinden ýokary wezipeleri ýerine ýetirmäge ukypsyzdygyny tassyklaýar. Matematik-alymlar Wişal we Warin Sikka tarapyndan geçirilen barlag  hem emeli aň agentleriniň awtonom ýagdaýda adamdan öňe geçmäge päsgel berýän nazary böwet bilen ýüzbe-ýüz bolýandygyny giňişleýin subut edýär...

2.6k+

Emeli aň ABŞ-nyň taryhy hakynda serial taýýarlady

Internet torunda emeli aňyň kömegi bilen döredilen «On This Day… 1776» («Şu gün... 1776-njy ýyl») atly taryhy serialyň treýleri peýda boldy. Filmde ABŞ-nyň garaşsyzlyk ugrundaky göreşi barada gürrüň berilýär. Serialyň prodýuseri hökmünde «Arzuwlaryň rekwiýemi» («Реквием по мечте») we «Nuh» («Ной») filmleri bilen meşhur bolan režissýor Darren Aronofskiniň çykyş etdi...

1.5k+

WSJ: SoftBank korporosiýasy OpenAI kompaniýasyna 30 milliard dollar maýa goýar

Ýaponiýanyň SoftBank korporasiýasy OpenAI kompaniýasyna 30 milliard dollar maýa goýmagy meýilleşdirýär. Bu barada The Wall Street Journal neşiri öz çeşmelerine salgylanyp habar berýär. Neşiriň maglumatyna görä, ChatGPT-ni dörediji häzirki wagtda dürli maýadarlar bilen jemi 100 milliard dollar möçberinde maliýe serişdesini çekmek boýunça gepleşikleri alyp barýar...

2k+

Analog çip sanly prosessorlardan 5000 esse netijeli bolup çykdy

Italiýada maglumatlary işläp taýýarlamakda energiýa sarp edilişini sanly çözgütler bilen deňeşdirilende 5000 essä çenli azaldýan analog prosessoryň prototipi işlenip düzüldi. Milanyň politehniki uniwersitetiniň barlagçylarynyň TechXplore neşirine beren maglumatyna görä, bu enjam robototehnika we emeli akyl ulgamlary üçin niýetlenendir...

1.9k+

900 million ulanyjy üçin bir serwer: ChatGPT nähili işleýär?

OpenAI kompaniýasy hepdede 800–900 million işjeň ulanyjysy bolan ChatGPT-niň maglumatlar binýadynyň (PostgreSQL) nähili işleýändigini aýan etdi. Geň galdyryjy tarapy, şeýle ägirt uly ulgam şardirlemesiz (maglumatlary böleklere bölmän), diňe bir sany esasy serwer we 50 töweregi nusga (replika) arkaly işleýär...

1.2k+

ChatGPT Edu Gazagystanyň milli bilim ulgamyna integrirlener

​Gazagystanyň Sanly ösüş, innowasiýalar we aerokosmos senagaty ministrligi ChatGPT Edu bilim guralynyň milli bilim ulgamyna ornaşdyrylýandygyny yglan etdi. Bu karar ýurduň orta we ýokary okuw mekdeplerine degişlidir...

628

Meta ýetginjekler üçin emeli aň gahrymanlaryna girişi wagtlaýynça ýapýar

«Meta» kompaniýasy özüniň sosial ulgamlarynda ýetginjekleriň AI-gahrymanlar (emeli aň arkaly döredilen keşpler) bilen gatnaşyk saklamagyny bütin dünýä derejesinde wagtlaýynça togtadýandygyny yglan etdi. Bu çäklendirme funksiýanyň täze we has howpsuz wersiýasy çykýança dowam eder...

1.7k+

OpenAI ChatGPT-niň üsti bilen gazanç edenlerden göterim almak isleýär

OpenAI kompaniýasy özüniň girdeji modelini düýpli özgertmek barada pikirlenýär. Kompaniýanyň maliýe direktory (CFO) Sara Fraýaryň aýtmagyna görä, geljekde iri kompaniýalar diňe bir ChatGPT ulanandyklary üçin däl, eýsem şol tehnologiýanyň kömegi bilen gazanan peýdalaryndan hem göterim (roýalti) berip bilerler...

1.4k+

ChatGPT kämillik ýaşyna ýetmedik ulanyjylary özüni alyp barşy boýunça anyklap başlar

OpenAI kompaniýasy ChatGPT çat-botuna 18 ýaşdan kiçi ulanyjylary anyklamak üçin ýaşy çaklamak funksiýasyny goşar. Bu barada guramanyň saýtynda habar berilýär. Ulgam ulanyjynyň özüni alyp barşyny, şol sanda çat-botuň ulanylyş wagty, akkauntyň näçe wagtdan bäri hereket edýändigi we hasaba alnanda görkezilen doglan senesi ýaly maglumatlary seljerýär...

2.4k+

Türkmenistanda emeli aň tehnologiýalaryny ulanmagyň kadalary işläp taýýarlanylar

Türkmenistanda emeli aň ulgamyny düzgünleşdirmek üçin kadalaşdyryjy binýady döretmek boýunça işler durmuşa geçiriler. Ministrler Kabinetiniň 23-nji ýanwarda geçirilen mejlisinde emeli aň tehnologiýalaryny ulanmagyň kadalaryny işläp taýýarlamak, şeýle hem degişli subýektleriň özara gatnaşyklaryny düzgünleşdirmek baradaky teklip hödürlenildi...