UFC ýaryşynyň geçirilmegine bir hepde galanda, ABŞ-nyň harby güýçleriniň weteranlaryny hem öz içine alýan bir topar raýat bu çäräni gadagan etmegi talap edip, käzyýete ýüz tutdular.
Şikaýatçylar ABŞ-nyň prezidenti Donald Trampyň UFC-niň ýolbaşçysy Dana Uaýta we onuň guramasyna Ak öýe hem-de Linkoln ýadygärligine täjirçilik sport çäresini geçirmek üçin bilgeşleýin rugsat berendigini öňe sürýärler. Olaryň pikiriçe, UFC, onuň hyzmatdaşlary we ýaryşy ýaýlyma berýän Paramount kompaniýasy federal emlägi ulanmak arkaly uly täjirçilik bähbitlerini görüp bilerler.
Arzçylar hereket edýän kanunçylygyň, eger çäre döwlet tarapyndan guralmadyk bolanlygynda, federal desgalary hususy bähbit üçin ulanmagy gadagan edýändigini belleýärler. Bu kazyýet işini goldaýan «Public Integrity Project» guramasy jemgyýetçilik meýdançalarynyň hususy kompaniýalaryň bähbidine ulanylmaly däldigini mälim etdi.
ABŞ-nyň garaşsyzlygynyň 250 ýyllygyna bagyşlanan UFC ýaryşy 14-nji iýuna meýilleşdirildi. Onuň esasy wakalary hökmünde ýeňil we agyr agram derejelerinde çempionlyk guşagy ugrundaky tutluşyklar göz öňünde tutulýar.