Türkmenistanyň Ministrler Kabinetinde mart aýynda geçiriljek çäreleriň Tertibi mälim edildi

  • şu gün 02:05
  • 153

Prezident Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Onuň dowamynda, hususan-da, baharyň birinji aýy üçin meýilleşdirilen medeni çäreleriň Tertibi hödürlendi diýip, «Watan» habarlar gepleşigi habar berýär.
Wise-premýer B. Seýidowanyň hasabatyna görä, mart aýynda ýurtda şu aşakdaky çäreler göz öňünde tutulýar:

  • Halkara zenanlar güni mynasybetli Türkmenistanyň Prezidentiniň adyndan ýurduň zenanlaryna pul sowgatlarynyň gowşurylmagy, Aşgabadyň Mukamlar köşgünde, Arkadag şäherinde we welaýatlarda baýramçylyk konsertleriniň geçirilmegi;
  • Köp çagaly maşgalalaryň arasynda estafeta bäsleşiginiň guralmagy;
  • Suratkeşleriň sergisi we teatr oýunlary;
  • Milli bahar baýramy mynasybetli «Türkmeniň ak öýi» binalarynyň öňünde, Arkadag şäherinde we Ak bugdaý etrabynyň Nowruz ýaýlasynda dabaralaryň geçirilmegi;
  • Daşoguz welaýatynda ýurduň ähli künjeklerinden dessançy bagşylaryň gatnaşmagynda «Dünýäde ýaňlanýar ajap dessanym, toý tutýar Garaşsyz Türkmenistanym!» atly festiwalyň geçirilmegi.

Serdar Berdimuhamedow wise-premýere meýilleşdirilen dabaraly çäreleriň ýokary guramaçylyk derejesini üpjün etmegi tabşyrdy.


şu gün 01:40
335

Türkmenistanyň zenanlary Halkara zenanlar güni mynasybetli pul sowgatlaryny alar

Prezident Serdar Berdimuhamedow 20-nji fewralda sanly ulgam arkaly geçirilen Ministrler Kabinetiniň mejlisiniň dowamynda Halkara zenanlar güni mynasybetli ýurduň zenanlaryna pul sowgatlaryny bermek hakyndaky Buýruga gol çekdi...

düýn 15:26
2.4k+

Daşoguzda «Galkynyş» toparynyň we Döwlet sirkleriniň dabaraly çykyşlary geçirildi

Daşoguzda şäheriň merkezi şaýoly boýunça «Galkynyş» toparynyň atly ýörişi geçdi. Çäräniň çäklerinde milli at üstündäki oýunlar topary Türkmenistanyň Döwlet sirkiniň we Görogly adyndaky Döwlet atçylyk sirkiniň artistleri bilen bilelikde «Türkmeniň ak öýi» medeniýet merkeziniň meýdançasynda görkezme çykyşlaryny gurnady...

19.02.2026 18:49
11k+

Saud Arabystany Türkmenistana 5 tonna hurma gowşurdy

2026-njy ýylyň 18-nji fewralynda Saud Arabystany Patyşalygynyň Aşgabatdaky Ilçihanasynda ýetip gelen Oraza aýy mynasybetli ynsanperwerlik sowgadyny gowşurmak dabarasy boldy. Iki Mukaddesligiň Hyzmatkäri, Saud Arabystanynyň Patyşasynyň adyndan Türkmenistanyň hökümetine hijri senenamasynyň 1447-nji ýylynyň hasyly bolan 5 tonna hurma gowşuryldy...

18.02.2026 16:46
3.2k+

«Kompozitor» çeper filmi Türkiýede TÜRKSOY-yň ýörite baýraklaryna mynasyp boldy

2026-njy ýylyň 17-nji fewralynda Ankara şäherindäki Ýaşar Kemal adyndaky Medeniýet merkezinde geçirilen Türkmen kinosynyň günleriniň çäginde «Kompozitor» atly çeper filmiň görkezilişi we baýrak gowşurylyş dabarasy boldy...