Prezident Serdar Berdimuhamedow Türkmenistanyň Hökümeti bilen Ýewropada Howpsuzlyk we Hyzmatdaşlyk Guramasynyň (ÝHHG) arasyndaky hyzmatdaşlygyň 2026-njy ýyl üçin iş meýilnamasyny makullady. Bu barada anna güni sanly ulgam arkaly geçirilen Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisiniň jemleri boýunça «Watan» habarlar gepleşiginde habar berildi.
Gurama bilen özara gatnaşyklaryň meýilnamasy barada wise-premýer, daşary işler ministri Raşid Meredow hasabat berdi. Ol halkara guramalar, şol sanda ÝHHG bilen gatnaşyklary berkitmegiň ýurduň daşary syýasatynyň ileri tutulýan ugrudygyny belledi. Hyzmatdaşlyk syýasy, ykdysady, ekologiýa we ynsanperwer ulgamlaryny öz içine alýar.
2026-njy ýyl üçin işleriň meýilnamasy parahatçylygy we howpsuzlygy berkitmäge, durnukly ösüş maksatlaryny durmuşa geçirmäge hem-de ynsanperwer hyzmatdaşlygy giňeltmäge gönükdirilendir. Meýilnama öňüni alyş diplomatiýasyny ilerletmek, kiberhowpsuzlygy ýokarlandyrmak, gümrük we serhet gulluklarynyň işini kämilleşdirmek boýunça çäreleri hem göz öňünde tutýar. Şeýle-de, energiýa netijeliligine, howa meselelerine, adam hukuklaryny goramaga, gender deňligine we köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň işini ösdürmäge aýratyn üns berildi.
Serdar Berdimuhamedow ÝHHG bilen gatnaşyklary çuňlaşdyrmagyň ähmiýetini nygtady we wise-premýere meýilleşdirilen işleriň ýerine ýetirilmegini üpjün etmegi tabşyrdy.
Türkmenistanyň Prezidenti ÝHHG bilen 2026-njy ýyl üçin hyzmatdaşlyk meýilnamasyny tassyklady
- şu gün 01:46
- 141