Portugaliýanyň milli ýygyndysynyň we saud “Al-Nasrynyň” hüjümçisi Kriştianu Ronaldu meşhur ylmy bloger Mark Roberiň topary tarapyndan döredilen emeli aňly robot derwezebana garşy gol geçirmek synanyşygyndan kynlyk bilen baş çykardy. Derwezä gol girizmek üçin futbolça 12 urgy gerek boldy.
Bu synanyşygyň wideosy birnäçe günde ähli sosial ulgamlarda 50 mln töweregi tomaşa ýygnady (Mark Roberiň diňe YouTube kanalynda 17 milliondan gowrak tomaşa).
Ronaldu bu synaga Portugaliýanyň milli ýygyndysynda wagty gatnaşdy.
Robot derwezeban NASA-nyň we Apple-iň öňki inženeri Mark Rober we onuň topary tarapyndan döredildi. Sekuntda 500 kadr tizlik bilen işleýän kamera ulgamynyň kömegi bilen emeli aňly derwezeban derweze çyzygy boýunça 0,2 sekuntda hereket edip bilýär. Bu prosese Ronaldunyň milli ýygyndydaky ýoldaşlary hem syn etdi.
Karýerasynda 950-den gowrak gol geçiren Kriştianu Ronaldu ilki uzak aralykdan urgulary barlap gördi, ýöne şeýle aralykdan gol geçirip bolmajakdygy derrew düşnükli boldy. Şondan soň ol on bir metrlige geçip, dürli urgular: tehnika, güýç we iki aýagyny ulanmak bilen robotyň goragyndan geçmäge synanyşdy. Diňe 12-nji synanyşykda Ronaldu topy derwezäniň göni burçuna girizmegi başardy. Ýoldaşlary ony gutlamaga ylgady.
“Bu diýseň ajaýyp! Üýtgeşik” – diýip, Ronaldu üstünlikli synanyşygyndan soň aýtdy.