Serdar Berdimuhamedow “Buig” kompaniýasynyň Türkmenistanda alyp baran işlerine ýokary baha berdi

  • şu gün 00:32
  • 3.9k+
Serdar Berdimuhamedow “Buig” kompaniýasynyň Türkmenistanda alyp baran işlerine ýokary baha berdi

26-njy sentýabrda Prezident Serdar Berdimuhamedow “Buig” kompaniýasynyň baş direktorynyň orunbasary Edward Buigi, bu kompaniýanyň Dolandyryjylar geňeşiniň agzasy William Buigi we “Buig Batiman International” kompaniýasynyň ýolbaşçysy Pýer- Erik Sen-Andreni kabul etdi diýip, “Watan” habarlar gepleşiginde habar berildi.

Duşuşygyň barşynda Serdar Berdimuhamedow “Buig” kompaniýasynyň Türkmenistanda soňky 30 ýylyň dowamynda alyp baran giň gerimli işlerine ýokary baha berip, geçen döwrüň içinde köp işleriň ýerine ýetirilendigini kanagatlanma bilen belledi.
“Buig” kompaniýasy öz üstüne alan borçnamalaryny üstünlikli ýerine ýetirýär, bilelikde amala aşyrylan taslamalar bolsa, ýurdumyzyň ykdysadyýetiniň ösmegine hem-de onuň gurluşyk we senagat kuwwatynyň artmagyna saldamly goşant goşmak bilen şäher bezeginiň nusgalarynyň örän baýdygyny görkezýär.
Türkmenistan hyzmatdaşlyk üçin hemişe açykdyr we uly önümçilik kuwwatyna eýe bolan kompaniýalar bilen hyzmatdaşlyk gatnaşyklaryny pugtalandyrmaga taýýardyr. “Buig” kompaniýasy hem olaryň hatarynda mynasyp orny eýeleýär diýip, döwlet Baştutany nygtady.
Işewürler bildirilen ýokary ynam we hemmetaraplaýyn goldaw üçin hoşallyk bildirip, “Buig” kompaniýasynyň geljegi uly türkmen bazarynda eýeleýän orny has-da pugtalandyrmaga uly gyzyklanma bildirýändigini beýan etdi. Bellenilişi ýaly, “Buig” kompaniýasy mundan beýläk-de öz üstüne alan şertnamalaýyn borçnamalaryna berk eýermek bilen, özüne ynanylan taslamalary üstünlikli durmuşa geçirmek üçin ähli tagallalary eder.
Serdar Berdimuhamedow hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmek üçin oňat mümkinçilikleriň bardygyny aýdyp, türkmen tarapynyň däp bolan hyzmatdaşlygy pugtalandyrmaga hem-de kompaniýanyň anyk tekliplerine garamaga taýýardygyny nygtady.


şu gün 00:15
3.6k+

Türkmen tarapy russiýaly hyzmatdaşlarynyň anyk tekliplerine garamaga taýýar – Serdar Berdimuhamedow

26-njy sentýabrda Prezident Serdar Berdimuhamedow Russiýa Federasiýasynyň “Wozroždeniýe” kompaniýasynyň ýolbaşçysy Igor Bukatony kabul etdi diýip, “Watan” habarlar gepleşiginde habar berildi. “Wozroždeniýe”  kompaniýasynyň...

düýn 23:00
3.2k+

Serdar Berdimuhamedow Bütindünýä etnosport konfederasiýasynyň başlygyny kabul etdi

26-njy sentýabrda Prezident Serdar Berdimuhamedow Bütindünýä etnosport konfederasiýasynyň başlygy Bilal Ärdogany kabul etdi. Ol mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 33 ýyllygy mynasybetli geçirilýän toý dabaralaryna gatnaşmak...

düýn 15:43
5.4k+

Türkmen oba hojalyk uniwersiteti Hasyl toýy mynasybetli halkara ylmy-amaly maslahat geçirer

6-njy noýabrda S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersiteti Hasyl toýy mynasybetli onlaýn görnüşde «Agrosenagat toplumynyň durnukly ösüşi» atly halkara ylmy-amaly maslahat geçirer. Maslahata gatnaşmaga...

düýn 14:49
8.9k+

Oleg Kononenko Türkmenistany Garaşsyzlyk baýramy bilen gutlady

Türkmenistanyň we Russiýa Federasiýasynyň Gahrymany Oleg Kononenko Türkmenistanyň Prezidentini we Halk Maslahatynyň Başlygyny Halk Maslahatynyň mejlisiniň üstünlikli geçirilmegi hem-de Türkmenistanyň Garaşsyzlyk...