Türkmenistanda hepdelik howa maglumaty (11.07 — 17.07)

  • 11.07.2022 01:20
  • 35223
Türkmenistanda hepdelik howa maglumaty (11.07 — 17.07)

Türkmenistanda az-kem salkyn howa akymyndan soň, howanyň ýene gyzmagyna garaşylýar. Ýurdumyzyň käbir etraplarynda howa +42 derejä çenli gyzar we wagtal-wagtal güýçli şemal öwser.

Aşgabatda we Ahal welaýatynda duşenbe güni howa +39 derejä çenli gyzar, sişenbe güni bolsa gyzgynlyk çala aşaklap +38 dereje, çarşenbe güni +37 dereje bolmagyna garaşylýar. Penşenbe güni howa +40 derejä çenli gyzar. Anna gününden şenbe gününe çenli bolsa temperatura +39 - +38 derejede saklanar.

Balkan welaýatynda duşenbeden çarşenbä çenli aňrybaş temperatura +41 dereje töwereginde saklanar. Penşenbe gününden hepdäniň ahyryna çenli howanyň yssylygy +42 dereje töwereginde bolar. 

Daşoguz welaýatynda howa maglumaty gullugy duşenbe we sişenbe günleri temperatura +37 - +36 dereje töwereginde bolar diýip çaklaýarlar. Çarşenbe güni howa +40 derejä çenli gyzar. Penşenbe we anna günleri howanyň gyzgynlygynyň +39 dereje bolmagyna garaşylýar. Şenbe güni temperatura +37 dereje, ýekşenbe güni bolsa +40 dereje bolar. 

Mary welaýatynda duşenbe güni howa +39, sişenbe güni bolsa +38 derejä çenli gyzar. Çarşenbe gününden hepdäniň ahyryna çenli aňrybaş temperatura +40 töwereginde bolar. Penşenbe we anna günleri tizligi sekuntda 15-16 metre ýetýän şemalyň öwüsmegine garaşylýar.

Lebap welaýatynda duşenbe we sişenbe günleri temperatura +38 dereje töwereginde bolar. Çarşenbe we penşenbe günleri howa  +40 derejä çenli gyzar. Anna we şenbe günleri bolsa howanyň gyzgynlygy +39 , ýekşenbe güni  +41 derejä ýeter. Çarşenbeden ýekşenbä çenli tizligi sekuntda 17 metre ýetýän şemalyň bolmagyna garaşylýar.  


05.12.2022 09:55
33363

Türkmenistanda şu hepde gurak hem sowuk howa bolar

Dürli meteo saýtlar Türkmenistanda şu hepde garaşylýan howa barada dürli çaklamalary berýärler. Howanyň ýagdaýyna Russiýanyň ýewropa böleginiň merkezindäki aýazly antiseklon täsirini ýetirmegini dowam eder. «Meteožurnalyň»...

30.11.2022 01:06
48984

Türkmenistana sowuk hem ýagynly howa aralaşýar

Türkmenistanda eýýäm şu hepdäniň ortalaryndan howanyň üýtgäp, sowuk hem ýagynly howa akymynyň aralaşmagyna garaşylýar. Sişenbe güni demirgazykda sebitlerde gije termometriň sütünjigi -2 — -7 gradusa düşüp biler...

14.11.2022 20:46
41344

Türkmenistanda içerki gatnawlaryň täzelenen tertibi neşir edildi

«Türkmenistan» awiakompaniýasy resmi saýtynda içerki howa gatnawlarynyň 2022-nji ýylyň 1-nji noýabryndan hereket edýän ugurlaryny we rejesini neşir etdi. Awiakompaniýa uçuşlaryň rejesiniň üýtgäp bilýändigini belläp...

07.11.2022 12:57
23233

Türkmenistanda hepdelik howa maglumaty (07.11 — 13.11)

TmCars.info Türkmenistanyň Oba hojalyk we daşky gurşawy goramak ministrliginiň Gidrometeorologiýa baradaky gullugynyň ýurdumyzda şu hepdäniň (7-13-nji noýabr) dowamynda boljak howanyň ýagdaýy barada berýän maglumatyny...