Analitikler 2022-nji ýylda dünýäde eplenýän smartfonlaryň satuwynyň 67% ýokarlanmagyna garaşýarlar

  • 06.10.2022 09:40
  • 12k+
Analitikler 2022-nji ýylda dünýäde eplenýän smartfonlaryň satuwynyň 67% ýokarlanmagyna garaşýarlar

2022-nji ýylda eplenýän mobil telefonlaryň global üpjünçiligi geçen ýylky 8,1 mln bilen deňeşdirilende, 66,6% ýokarlanyp, 13,5 mln birlige ýeter diýip, International Data Corporation (IDC) gözleg kompaniýasy çaklaýar. Muny Interfax.ru ýetirýär.

2026-njy ýylda olaryň satuwy 41,5 mln birlige çenli artar, ortaça ýyllyk ösüş depgini (CAGR) bolsa 2022 – 2026-njy ýyllarda 38,7%-e barabar bolar. Alyjylaryň eplenýän smartfonlara bolan gyzyklanmalary Samsung kompaniýasynyň Flip we Fold hatarlary bilen goldanýar.
Şu ýylyň jemi boýunça smartfonlaryň umumy iberilişi 1,36 mlrd bolar, 2026-njy ýylda bolsa 1,459 mlrd birlige ýeter. Şeýlelik bilen, şu ýyl eplenýän modellere 1,1% bazar paýy, dört ýyldan soň 2,8% bazar paýy düşer.
Şol bir wagtyň özünde, 2022 – 2026-njy ýyllarda ykjam telefonlaryň CAGR-y 1,4% bilen bahalandyrylýar.


21.11.2024 11:23
2.9k+

Kantar statistikasy: iPhone SE Ýaponiýada öz ornuny saklaýar, ABŞ täze modelleri saýlaýar

Kantar kompaniýasynyň analitikleriniň maglumatlaryna görä, 2024-nji ýylyň üçünji çärýeginde smartfon satuwy sebit tapawutlaryny görkezýär. ABŞ we Ýewropa ösüşi başdan geçirýär, Hytaýda we Ýaponiýada bolsa pese...

19.11.2024 11:19
2.5k+

Samsung üç eplenýän smartfonyny taýýarlaýar. Ol 2025-nji ýylda peýda bolar

Ilkinji üç eplenýän smartfon Huawei Mate XT-niň çykmagy Samsung kompaniýasyna innowasiýalary ornaşdyrmagy çaltlaşdyrmaga iterýär. Günorta Koreýa ägirdi üç eplenýän düzüt bilen öz smartfonyny döretmegiň üstünde...

11.11.2024 15:26
5.5k+

Samsung täze eplenýän W25 smartfonyny hödürledi

Samsung täze eplenýän W25 smartfonyny hödürledi. Täze önüm Galaxy Z Fold 6 modele meňzeýär, ýöne ol has kämil aýratynlyklary hödürleýär diýip, Gizmochina ýazýar. W25 “Galaxy Z Fold 6” görnüşinden 1,5 mm inçe, eplenende...

10.11.2024 10:37
6.2k+

iPhone, Samsung we Redmi dünýäde iň köp satylan smartfonlaryň arasynda öňdebaryjy boldular

2024-nji ýylyň üçünji çärýeginde iPhone, Samsung we Redmi smartfonlary dünýäde iň köp satylan modelleriň ilkinji onlugyna girdi. Counterpoint Research kompaniýasynyň maglumatlaryna görä, ilkinji üç orny Apple kompaniýasynyň...