Brent nebitiniň bahasy 14-nji ýanwardan bäri ilkinji gezek $85-den aşak düşdi

  • 26.09.2022 14:47
  • 4.5k+
Brent nebitiniň bahasy 14-nji ýanwardan bäri ilkinji gezek $85-den aşak düşdi

2022-nji ýylyň noýabr aýyndaky üpjünçilik bilen Brent söwda belgili nebit üçin fýuçers bahasy Londonyň ICE biržasynda 2022-nji ýylyň 14-nji ýanwaryndan bäri ilkinji gezek barrel üçin 85 dollardan aşak düşdi. Muny söwda maglumatlary delillendirýär diýip, TASS habar berýär.

Biržanyň Aşgabat wagty bilen sagat 11:14-e çenli ýagdaýa görä maglumatlary boýunça, Brent barrel üçin 84,91 dollara çenli düşüp, 1,44% ýitirdi.
Sagat 11:25-e çenli Brent-iň bahasy pese gaçmagyny çaltlaşdyrdy we barrel üçin 84,7 dollar derejesinde boldy (-1,68%). Şol bir wagtyň özünde WTI söwda belgili nebit üçin fýuçers 1,83% - barreline 77,33 dollara çenli arzanlady. 


düýn 09:06
2.6k+

“Türkmengaz” DK gyş möwsümine taýýarlyk görýär

“Türkmengazüpjünçilik” we “Türkmengazakdyryş” birleşikleri tarapyndan içerki sarp edijileri tebigy gaz bilen bökdençsiz hem ygtybarly üpjün etmek boýunça degişli çäreler görülýär. Bu barada wise-premýer B.Amanow...

16.11.2024 19:20
6.1k+

“Körpeje” gaz gysyjy desgasynyň maddy-enjamlaýyn binýady döwrebaplaşdyrylar

“Türkmennebit” döwlet konserniniň “Körpeje” gaz gysyjy desgasynyň bökdençsiz işledilmegini üpjün etmek babatda zerur çäreler görülýär. Bu barada wise-premýer B.Amanow anna güni Hökümet mejlisinde döwlet Baştutanyna...

05.11.2024 14:40
2.3k+

OPEK+ ýurtlary ýanwara çenli nebit önümçiligini artdyrmazlyk kararyna geldi

OPEK+ ýurtlary 2024-nji ýylyň ahyryna çenli nebitiň gazylyp alynmagyny artdyrmazlyk kararyna geldi. Guramanyň saýtynda habar berlişi ýaly, geçen ýylyň noýabr aýyndan bäri hereket edýän önümçiligi günde 2,2 mln...

03.11.2024 08:17
16k+

Türkmenistan GDA-da dizel ýangyjynyň elýeterli bahasy boýunça birinji orny eýeleýär

Türkmenistan GDA ýurtlarynyň arasynda dizel ýangyjynyň baha taýdan elýeterliligi boýunça birinji orny eýeleýär. Bu barada “Kazinform” halkara habarlar agentligine salgylanyp, Orient ýazýar. Global petrol Prices...