Türkmen samboçylary Samsunda geçýän Dünýäniň kubogynda ilkinji dört medaly eýelediler

Türkmen samboçylary Samsunda geçýän Dünýäniň kubogynda ilkinji dört medaly eýelediler

Türkmen ýygyndy topary Türkiýäniň Samsun şäherinde FISU-nyň (Uniwersitet sportunyň halkara federasiýasynyň) howandarlygy astynda başa-baş göreş boýunça talyplaryň arasynda geçirilýän Dünýä kubogynda ilkinji medallaryny gazandy.

Türkmen döwlet bedenterbiýe we sport institutynyň talyplary sambo boýunça ýaryşlarda dürli derejedäki medallaryň dördüsini gazandylar. 
50 kg agramda çykyş eden Öwezmetowa Saýara kümüş medala eýe boldy, 72 kg agramlykda çykyş eden Faride Mammedowa bolsa hormat münberiniň ikinji basgançagyna çykmagy başardy.
Erkekleriň arasynda 58 kg agramda çykyş eden Muhammetmyrat Bebekow ýeňşini belledi we has agyrrak — 71 kg-a çenli agramda çykyş eden pälwanlardan Sapar Döwletow ikinji ýere mynasyp boldy.
Samsunda dowam edýän ýaryşlaryň medal sanaşygynda Türkmenistan häzirlikçe gazanan dört medaly bilen üçünji orunda barýar. Talyplaryň arasynda başa-baş göreş boýunça Dünýäniň kubogy 30-njy sentýabrda tamamlanar.