Dünýäde dakylýan gurluşlaryň satuwy II çärýekde 6,9% pese gaçdy

  • 21.09.2022 14:14
  • 4.5k+
Dünýäde dakylýan gurluşlaryň satuwy II çärýekde 6,9% pese gaçdy

Ikinji çärýekde dakylýan elektron gurluşlaryň global üpjünçiligi geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, 6,9% peselip, 107,4 mln birlik boldy. Bu barada International Data Corporation (IDC) gözleg kompaniýasynyň hasabatynda habar berilýär diýip, interfax.ru belleýär.

“Dakylýan gurluşlara bolan isleg inflýasiýanyň ýokarlanmagy, çökgünlikden ätiýaç edilmegi, tehnologiki däl harytlaryň beýleki kategoriýalary üçin çykdajylaryň ýokarlanmagy, şeýle-de soňky iki ýylda dakylýan gurluşlaryň bazarynda görülýän örän çalt ösüş sebäpli peseldi” – diýip, IDC-niň analitikleri belleýär.

Global bazaryň lider bäşligi üýtgewsiz galdy: oňa Apple, Samsung, Xiaomi, Huawei we Imagine Marketing girýär, bu bäş kompaniýanyň dördüsi bolsa ikinji çärýekde satuwyň ýyllyk aňlatmasynda pese gaçyşyny hasaba aldylar.

“Apple, Samsung we Google ýaly kompaniýalar gymmat harytlara bolan islegiň şübheli görünýän döwründe premial “akylly” sagatlary çykarmagy dowam etdirýärler. Käbir täze önümleriň bahalary öňki nesilleriň bahalary ýaly bolsa-da, ABŞ-nyň dollarynyň ýokarlanmagy olaryň ýerli walýutalarda gymmatlamagyna getirdi” – diýip, IDC-niň gözlegler boýunça menejeri Jiteş Ubrani belledi.

IDC-niň täze çaklamasyna görä, 2022-nji ýylyň jemi boýunça dünýäde dakylýan gurluşlaryň satuwy üýtgemez we 535,5 mln birlik bolar. Şol bir wagtyň özünde, analitikler 2023-nji ýylda bazaryň ösüşiniň gaýtadan dikelmegine garaşýarlar.


düýn 00:47
4.9k+

iPhone 16 Pro kosmosa çykýar. Apple öz flagmanynyň adaty bolmadyk  mahabatyny çykardy

Apple “All Systems Pro” atly mahabat roligini  çykardy diýip, MacRumors habar berýär. Kompaniýa özüniň marketinge bolan döredijilikli çemeleşmesi bilen haýran galdyrmagyny dowam etdirýär - wideoda iPhone 16 Pro...

21.11.2024 00:45
1.2k+

iPad ugrunda bäsdeşlik Google-a Chrome OS-ny Android bilen doly birleşdirmäge mejbur edýär

Google kompaniýasy Chrome OS-ny Android-e doly geçirmekçi bolýar. Bu barada kompaniýanyň maglumatlaryna salgylanyp, Android Authority habar berýär. Google iýun aýynda Chrome OS-yň Android böleklerini ulanyp başlajakdygyny...

19.11.2024 18:26
3.3k+

Samsung çeýe eplenýän smartfonlaryň bazarynda öňdebaryjylygyny dikeltdi

Samsung kompaniýasy 2024-nji ýylyň üçünji çärýeginde çeýe eplenýän smartfonlaryň global bazarynda ýene-de birinji orny eýeledi. IDC-niň hasabatyna görä, koreýaly tehnoägirdiň paýy ikinji çärýekdäki 16,4% bilen...

19.11.2024 14:46
2.2k+

Apple telewizor bazaryna çykmaga synanyşýar: kompaniýa öz önümini taýýarlamaga girişdi

On ýyldan gowrak wagt dowam eden arakesmeden soň Apple ýene-de öz telewizoryny işläp taýýarlamaga girişdi. Bu kompaniýanyň 2009-2011-nji ýyllardaky şowsuz synanyşygyndan soň, telewizor bazaryna çykmak üçin ikinji...