9-njy oktýabrda Ýewro-2024 ýaryşynyň saýlama tapgyrynyň bijeleri çekiler

9-njy oktýabrda Ýewro-2024 ýaryşynyň saýlama tapgyrynyň bijeleri çekiler

Sişenbe güni, 20-nji sentýabrda Horwatiýanyň Hwar şäherinde UEFA-nyň Ýerine ýetiriji geňeşiniň mejlisi geçirildi. Onuň netijeleri boýunça Ýewro-2024-iň kwalifikasiýasynyň bije çekilişiginiň şertleri tassyklanyldy. Bu barada UEFA-nyň resmi saýty habar berýär.

Kwalifikasiýanyň esasy şertleri:

  • Ýewro-2024-iň kabul edijisi hökmünde Germaniýa ýaryşyň final tapgyryna göni çykalga gazandy we saýlama tapgyryň bije çekilişigine gatnaşmaz;
  • Saýlama tapgyra 53 sany milli assosiasiýalar gatnaşar, olaryň milli ýygyndylary 10 topara bölüner: ýedi toparda bäş ýygyndydan, üçüsinde - alty ýygyndydan bolar;
  • Ýeňijiler we ikinji ornuň eýeleri ýaryşyň final tapgyryna çykar. Üç sany soňky ýollanmanyň eýeleri 2024-nji ýylyň martynda geçiriljek duşuşyklarda belli bolar;
  • 53 sany ýygyndy UEFA Milletler ligasynyň 2022/23 möwsüm üçin umumy reýtingine laýyklykda, paýlanylýar we ýedi sany sebede bölüner.

Ýaryşyň özi 2024-nji ýylyň 14-nji iýunyndan 14-nji iýuly aralygynda Germaniýanyň 10 şäherinde — Berlinde, Kýolnda, Mýunhende, Maýn boýundaky Frankfurtda, Gamburgda, Dortmundda, Leýpsigde, Gelzenkirhende, Ştutgartda we Dýusseldorfda geçiriler.