Meta "Beýni dekoderini" döretdi, onuň kömegi bilen emeli aň modeller beýni işjeňligini «okaýarlar» we dile öwürýärler. Bu guraly aýtjak sözlerini we jümlelerini kellesinde aýlaýan ulanyjylaryň arasynda pikir arkaly aragatnaşyk saklamakda ulanyp bolýar. Barlaglar barada kompaniýa korporatiw blogda gürrüň berdi.
Meta tehnologiýasy özüne meňzeş beýleki tehnologiýalardan beýni işjeňliginiň ýazgysynyň inwaziw däl usullaryna esaslanýandygy bilen tapawutlanýar. Kompaniýa diňe daşky datçikler ulanylýan elektroensefalografiýany (EEG) we magnitoensefalografiýany (MEG) ulandy. EEG-den we MEG-den alynýan maglumatlaryň ygtybarlylygy beýnä ornaşdyrylan datçikleriň berýän maglumatyndan pesdir. Şol sebäpli netijesi has gowy bolar ýaly, çykyş maglumatlarynyň has ulurak göwrümini işläp taýýarlamaly boldy.
Emeli aň synaga gatnaşyjylaryň audiokitaplara we käbir jümlelere reagirleýşini bellige aldy, soňra bolsa tekstden gerek sözleri saýhallady-da, "sözlük" düzdi, onuň esasynda işi yzlygyna amala aşyrdy, ýagny pikirleri dile öwürdi.
Barlag geçirijiler gündelik durmuşda has köp ulanylýan 793 sözüň toplumyny ulananda 73% takyklygy gazandylar.