«Türkmengeologiýa» 3D ölçegli geofiziki enjamlary satyn alar

«Türkmengeologiýa» 3D ölçegli geofiziki enjamlary satyn alar

«Türkmengeologiýa» döwlet korporasiýasy üçin 3D ölçegli geofiziki enjamlar toplumyny satyn almak boýunça degişli işler alnyp barylýar. Bu barada 26-njy awgustda geçirilen Hökümet mejlisinde wise-premýer Ş.Abdrahmanow hasabat berdi.

Habar berlişi ýaly, uglewodorod serişdelerine baý meýdançalary ýüze çykarmak babatda seýsmiki barlaglaryň netijeliligini ýokarlandyrmak maksady bilen, geofiziki işleriň netijeleri boýunça alnan maglumatlary işläp geçmek üçin täze 3D ölçegli geofiziki enjamlary satyn almak göz öňünde tutulýar. Şunuň bilen baglylykda, degişli şertnamany baglaşmak meýilleşdirilýär.

Döwlet Baştutany ýangyç-energetika toplumynyň netijeli işlemegini üpjün etmegiň onuň düzümini döwrebaplaşdyrmak hem-de önümçilik kuwwatyny artdyrmak, nebitgaz ýataklaryň ulanylýan guýularynyň önüm berijiligini ýokarlandyrmaga ýardam edýän ylmyň gazananlaryny we innowasion tehnologiýalary ornaşdyrmak bilen gönüden-göni baglydygyny belläp, wise-premýere bu örän möhüm pudagy yzygiderli diwersifikasiýa ýoly bilen ösdürmek babatda anyk görkezmeleri berdi.