Ilon Mask dördünji gezek ýylda $10 mlrd girdeji bilen iň baý kompaniýa ýolbaşçysy boldy

Ilon Mask dördünji gezek ýylda $10 mlrd girdeji bilen iň baý kompaniýa ýolbaşçysy boldy

Amerikaly telekeçi, SpaceX we Tesla kompaniýalarynyň ýolbaşçysy Ilon Mask bassyr dördünji gezek 2021-nji ýylyň jemi boýunça kompaniýalaryň iň baý baş müdirleriniň reýtinginde birinji orny eýeledi diýip, “Daily Mail” ýazýar. Muny centralasia.media ýetirýär.

“Dünýäniň iň baý adamy dünýäde iň köp girdeji gazanýan baş müdir hem boldy” – diýip, neşir ýazýar.

Onuň maglumatlaryna görä, geçen ýyl Mask 10 mlrd dollardan gowrak gazandy. Onuň girdejisiniň ep-esli bölegi onuň baýlygyny 78 mlrd dollar artdyran paýnamalar üçin dürli opsionlardan gelýär. Onuň baýlygy, takmynan, 269 mlrd dollara ýetdi. Maskyň tölegleri şeýle bir ýokary welin, “Daily Mail-iň” ýazmagyna görä, Bloomberg-iň sanawynda hödürlenen 14 baş müdirden galan 13 top-menejer Maskyň gazanýanynyň ýarysyndan gowragyny gazanýar.
Reýtingiň ikinji ornunda 2,3 mlrd dollar bilen Rivian Automotive-iň baş müdiri Robert Skarinj, üçünji ornunda 853 mln dollar bilen Apple kompaniýasynyň baş müdiri Tim Kuk ýerleşdi.