Meşhur Eýfel diňi 84 million ýewro çykdajy bilen 20-nji gezek reňklener

Meşhur Eýfel diňi 84 million ýewro çykdajy bilen 20-nji gezek reňklener

Pariždäki meşhur Eýfel diňini reňklemek üçin 84 million ýewro bölünip berler. Bu barada Eýfel diňine ideg etmek boýunça jemgyýetiň prezidenti Žan-Fransua Martanyň «RMC» radiostansiýasyna beren gürrüňine salgylanyp, iri habarlar agentlikleri maglumat ýaýradýar.

“Biz diňi 20-nji gezek reňklemegi meýilleşdirýäris. Täze reňk çalmazdan ozal, öňki reňkli gatlagy aýyrmaly bolar. Biz bu işe, takmynan, 84 million ýewro maýa goýýarys” diýip, Žan-Fransua Martan belleýär.

Ol diňiň posuny arassalamak üçin ony her 7-8 ýyldan reňklemegiň zerurdygyny aýtdy. Şeýle-de Žan-Fransua Martan Eýfeliň oňat ýagdaýdadygyny, ygtybarlydygyny hem-de ýykylmak ýagdaýynda däldigini sözüniň üstüne goşdy.
Ýeri gelende bellesek, şu ýylyň awgustynda dynç günleri diňe gelip görenleriň sany günde 28 müň adama ýetdi. Munuň özi örän gowy görkezijidir. Eýfel diňi her ýylda ortaça onuň eteginde jemlenýän syýahatçylaryň 21 milliondan gowragyny özüne çekýär.