Marsda kislorod öndürmek üçin plazma gurluşy işlenip taýýarlandy

Marsda kislorod öndürmek üçin plazma gurluşy işlenip taýýarlandy

Ýewropanyň we Amerikanyň fizikler topary plazma gurluşyny işläp taýýarladylar. Ol Marsda bol kömürturşy gazynyň molekulasyndan kislorod almaga mümkinçilik berýär. Bu barada Amerikanyň Fizika institutynyň (AIP) metbugat gullugyna salgylanýan TASS habar berýär.

“Biz ýokary energiýaly elektronlaryň CO2-niň molekulalary bilen çaknyşmagy şol maddanyň dargamagyna ýa-da ýylylygyň bölünip çykmagyna getirer diýip çakladyk. Şol energiýany kömürturşy gazyny dargatmak üçinem ulanyp bolar. Fransiýaly we niderlandly kärdeşlerimiz bilen bilelikde bu gipotezalary synagda tassyk etmek başartdy” – diýip, metbugat gullugy Lissabon uniwersitetiniň (Portugaliýa) dosenti Wasko Gerrynyň  sözlerini getirýär.

Kislorod öndürmek Marsa ilki göçüp barjaklaryň iň möhüm we hysyrdyly wezipeleriniň biri bolar diýip bellenýär. Ony çözmek üçin ylmy jemgyýetçilik Marsyň  howasyndan we topragyndan  kislorod almaga ukyply ulgamy işläp taýýarlamagyň üstünde işleýär.
Alymlaryň işläp taýýarlamalary geljekde Marsda kislorod öndürmek üçin energiýanyň we gorlaryň sarp edilişini ep-esli kemeltmäge mümkinçilik berer.