Käbir wise-premýerler Awazada Aýlagdaky Arap döwletleriniň hyzmatdaşlyk geňeşiniň Baş sekretary bilen duşuşdylar

Käbir wise-premýerler Awazada Aýlagdaky Arap döwletleriniň hyzmatdaşlyk geňeşiniň Baş sekretary bilen duşuşdylar

1-nji awgustda «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, daşary işler ministri, Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň ýangyç-energetika toplumyna, şeýle hem söwda toplumyna gözegçilik edýän orunbasarlary, Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentliginiň baş direktory bilen Aýlagdaky Arap döwletleriniň hyzmatdaşlyk geňeşiniň Baş sekretary Naýef Falah Mubarak Al-Hajrafiniň duşuşygy boldy.

Duşuşygyň dowamynda Türkmenistan bilen Aýlagdaky Arap döwletleriniň hyzmatdaşlyk geňeşiniň arasynda gatnaşyklary mundan beýläk-de ösdürmegiň mümkinçilikleri ara alnyp maslahatlaşyldy.
Bellenilişi ýaly, Türkmenistan bilen Aýlagdaky Arap döwletleriniň arasyndaky netijeli hyzmatdaşlygy ikitaraplaýyn we köptaraplaýyn görnüşde ösdürmek ýurdumyzyň daşary syýasatynyň möhüm ugurlarynyň biridir. Ulag-logistika ulgamynda hyzmatdaşlygyň işjeňleşdirilmeginiň, şeýle hem energetika pudagynda hyzmatdaşlygyň giňeldilmeginiň, harytlaryň we hyzmatlaryň görnüşleriniň, özara haryt dolanyşygynyň möçberleriniň mundan beýläk-de artdyrylmagynyň möhümdigi bellenildi.
Duşuşygyň çäklerinde Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi bilen Aýlagdaky Arap döwletleriniň hyzmatdaşlyk geňeşiniň Baş sekretariatynyň arasynda geňeşmeleriň guraly barada Özara düşünişmek hakynda Ähtnama gol çekildi.