Türkmenistanda hepdelik howa maglumaty (25.07 — 31.07)

Türkmenistanda hepdelik howa maglumaty (25.07 — 31.07)

Şu hepde Türkmenistanyň köp sebitlerinde adatdan daşary yssy ýatyşar diýip, howa maglumaty gullugy habar berýär. Käbir ýerlerde gündizine termometriň sütünjigi +31 derejä çenli aşaklar we ýagyş ýagmagy mümkin. 

Aşgabatda we Ahal welaýatynda duşenbe we sişenbe günleri howanyň aňrybaş temperaturasy +38 dereje töwereginde bolar. Çarşenbede we penşenbede howanyň +42 derejä çenli gyzmagy mümkin. Anna we şenbe günleri aňrybaş temperaturanyň birden +36 derejä çenli aşaklamagyna garaşylýar, şeýle-de, şenbe güni 2,1 mm-e çenli ygalyň düşmegi mümkin. Ýekşenbe güni howa +34 derejä çenli salkynlar.

Balkan welaýatynda duşenbe güni aňrybaş temperatura +31 dereje töwereginde bolup, 2,4 mm ygalyň düşmegine garaşylýar. Sişenbe güni howa +35 derejä çenli, çarşenbe güni bolsa +41 derejä çenli gyzar. Penşenbede temperaturanyň +38 dereje bolmagyna  garaşylýar, güýçli şemal öwsüp, az-kem ýagyn ýagmagy mümkin. Anna güni howanyň yssylygy +37 dereje bolar, çabga gelip, 2,4 mm ygalyň düşmegi mümkin. Dynç günleri termometriň sütünjigi +36 derejäni görkezer.

Daşoguz welaýatynda duşenbe we sişenbe günleri temperatura +36 derejede saklanar. Çarşenbede howanyň +38 derejä çenli gyzmagy mümkin we anna gününe çenli, tä 1,7 mm töweregi ygal düşýänçä şol derejede saklanar. Dynç günleri aňrybaş temperatura +34 derejä çenli aşaklar.

Mary welaýatynda duşenbe  güni howa +46 derejä çenli gyzar. Sişenbeden anna çenli temperatura  +42 dereje töwereginde bolar. Şenbe güni az-kem ýagyn ýagyp, aňrybaş temperatura +38 derejä çenli aşaklar. Ýekşenbe güni howa +36 dereje bolar diýip, howa maglumaty gullugy çaklaýar. 

Lebap welaýatynda duşenbe güni +45 derejä çenli güýçli yssynyň bolmagyna garaşylýar. Sişenbeden penşenbä çenli temperatura +42 dereje bolar we tizligi sekuntda 16 metre ýetýän güýçli şemalyň bolmagyna garaşylýar. Anna güni aňrybaş temperatura +40 dereje töwereginde bolar. Temperatura şenbede +38, ýekşenbede bolsa +36 dereje bolmagyna we şemalyň tizligi sekuntda 15 metre çenli güýçlenmegine garaşylýar.