Merkezi Aziýa döwletleriniň Baştutanlarynyň duşuşygynyň birnäçe resminamalara gol çekildi

Merkezi Aziýa döwletleriniň Baştutanlarynyň duşuşygynyň birnäçe resminamalara gol çekildi

Türkmenistanyň, Gyrgyzystanyň, Özbegistanyň, Gazagystanyň we Täjigistanyň Prezidentleri Çolpon-Ata şäherinde geçirilen konsultatiw duşuşygyň netijeleri boýunça resminamalaryň birnäçesine gol çekdiler. Bu barada ýerli habar beriş serişdelerine Gyrgyzystanyň daşary işler ministri Žeenbek Kulubaýew habar berdi.

Gol çekilen resminamalaryň hatarynda — Gyrgyzystanyň, Gazagystanyň we Özbegistanyň Baştutanlary tarapyndan gol çekilen Dostluk, hoşniýetli goňşuçylyk we hyzmatdaşlyk hakynda Ylalaşyk bar. Soňra bu resminama Türkmenistanyň we Täjigistanyň Baştutanlary hem gol çeker.
Gol çekilen beýleki resminamalaryň hatarynda şular bar:

  • Bilelikdäki Jarnama;
  • Halkara platformalarda özara gatnaşyklar hakynda Konsepsiýa;
  • Merkezi Aziýa üçin «Ýaşyl gün tertibi» sebit maksatnamasy;
  • 2022-2024-nji ýyllar üçin sebit hyzmatdaşlygyny ösdürmek boýunça Ýol kartasy.