Täjigistanyň ilaty ýylyň ahyryna çenli 10 milliona ýetip biler

Täjigistanyň ilaty ýylyň ahyryna çenli 10 milliona ýetip biler

Şu ýylyň birinji ýarymynda Täjigistanda çaga dogluş derejesi 6% ýokarlandy, 2022-nji ýylyň ahyryna çenli ýurduň ilatynyň sany 10 million adama ýeter. RIA Nowosti-niň habar bermegine görä, bu barada respublikanyň Adalat ministri Muzaffar Aşurien aýtdy diýip, MIR24 belleýär. 

Onuň aýtmagyna görä, şu ýylyň birinji ýarymynda Täjigistanda 111,5 müň çaga dünýä indi, bu bolsa geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende 6% köpdür.

“Soňky 30 ýylda Täjigistanyň ilaty 5,5 milliondan 9,8 million adama ýetdi, ýagny 1,8 esse artdy we 2022-nji ýylyň ahyryna çenli 10 milliona ýeter” – diýip, Adalat ministrliginiň başlygy belleýär.

Ministriň aýtmagyna görä, birinji ýarymýyllykda respublikada 16,3 müň adam ýogaldy, bu bolsa geçen ýylyň ýanwar – iýun aýlaryna garanyňda, 5% azdyr.  
Ömür dowamlylygynyň artmagyny çagalaryň we zähmete ukyply ilatyň arasynda ölüm derejesiniň azalmagy, alkogolyň we temmäkiniň sarp edilişiniň azalmagy, ýürek-damar ulgamynyň kesellerine garşy üstünlikli göreş bilen baglanyşdyrýarlar.